Abatlaýjylaryň ynamly gadamlary

23 Awgust 2021
821

Döwleti dolandyrmakdaky pähim-paýhasy, ýiti öňdengörüjiligi ählumumy ykrarnama eýe bolan milli Liderimiz ýurdumyzdaky ýataklardan nebiti çykarmakda döwrebap tehnologiýalary we usullary ulanmak arkaly «gara altynyň» ýeriň jümmüşinden alynýan mukdaryny ýokarlandyrmak, guýulary abatlamak we durkuny täzelemek işlerini öz wagtynda geçirmek, çig nebitiň gaýtadan işleýjilere bökdençsiz ugradylmagyny gazanmak babatda milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde belent wezipeleri goýýar. Milli Liderimiziň görkezmelerinden ugur alyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny täze belentliklere götermekde we çykarylýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş toparlary hem netijeli işleri bitirýärler. Olar nebitgazly ojaklardaky önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap täzeden hatara goşmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsanç bilen dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen ýanwar-iýul aýlarynda tutuş konsern boýunça 96 müň 585 tonna derek 120 müň tonna golaý «gara altynyň» goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler. Bu gazanylan üstünlik konserniň degişli müdirlikleriniň guýulary düýpli abatlaýyş toparlarynyň döwrüň ösen talaplaryna mynasyp iş bilen jogap berýändiklerine bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Muňa şu ýylyň geçen ýedi aýynda tutuş «Nebitgazçykaryş» tresti boýunça 299-a derek 313 sany guýynyň gaýtadan hatara goşulmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Gürrüňi edilýän döwürde trest boýunça abatlanylan guýularyň umumy sanynyň 380-e ýetirilendigini hem aýratyn nygtamak gerek. Geçen döwür içinde gazanylan bu ajaýyp üstünliklere «Goturdepenebit», «Gumdagnebit», «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň guýulary düýpli abatlaýyş toparlarynyň hünärmenleri has-da saldamly goşant goşdular. Geçen ýedi aýda «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň guýulary düýpli abatlaýyş toparynyň hünärmenleri jemi 59 müň tonna golaý «gara altynyň» goşmaça alynmagyny üpjün etdiler. Bu görkeziji «Nebitdagnebit» NGÇM-de bolsa 28 müň tonna barabar boldy.

Ýeri gelende aýtsak, «Türkmennebit» döwlet konserni Diýarymyzyň ýangyç-energetika ulgamynda iň iri önümçilik-hojalyk düzümi bolmak bilen, soňky ýyllarda nebitgazly ýataklary gözläp tapmakda we olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda tutumly işleri amala aşyrýar. Hut şu ýagdaýyň özem nebitgaz ulgamyny ähli taraplaýyn ösdürmegiň gündelik we geljek döwür üçin maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmäge aýgytly täsirini ýetirýär. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda göreşýän bu konsern öz düzüminde esasy we ýardam beriji kärhanalaryň onlarçasyny jemlemek bilen, nebit, tebigy we ugurdaş gaz, gaz kondensatyny çykarmak, ýangyç geçirijilerini, nebitgaz önümçiliklerini, gaz gysyjy desgalaryny hem-de gaz bölüji abzallaryny gurmak, oturtmak we abadanlaşdyrmak, guýularda ýerasty we düýpli abatlaýyş, gözleg-agtaryş hem-de buraw işlerini talabalaýyk alyp barýar. Şeýle gaýragoýulmasyz we döwrebap işlerde konserniň ýokarda ady agzalan trestiniň nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň guýulary düýpli abatlaýyş toparlarynyň hünärmenleriniň görnükli işleri bitirýändikleri bolsa has-da buýsançly hakykatdyr.

Hojaberdi BAÝRAMOW,
«Nebit-gaz».