Munuň şeýledigine müdirligiň agzybir gazçylary tarapyndan welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de daşary bazarlara çykarylýan tebigy gazyň üznüksiz akdyrylmagyny gazanmak ugrunda şu günler alnyp barylýan nusgalyk işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Müdirlik baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk», «Garagum», «Çöllük», «Ýylanly» we «Derýalyk» ýaly önümçilik edaralaryny, dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 4500 kilometrden gowragyny hem-de gaz sazlaýjy desgalaryň onlarçasyny özüne birleşdirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda müdirligiň aýba-aý iş tabşyryklaryny talabalaýyk ýerine ýetirip gelýän öňdebaryjy zähmet köpçüliginiň biri-de welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Derýalyk» önümçilik edarasydyr. Bu edara «Döwletabat — Derýalyk» halkara gaz magistralynyň demirgazykda ýerleşýän iň soňky gaz gysyjy desgasydyr. Bu ýere onuň gündogar-günortasynda ýerleşýän «Ýylanly» önümçilik edarasyndan gelen gymmatly «mawy ýangyç» gaýtadan işlenip, arassalanyp, guradylyp, halkara hil derejesinde daşary bazarlara ugradylýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň barha golaýlaşmagy bilen emele gelen ýokary zähmet galkynyşy bolsa edaranyň her bir işgäriniň ruhuna ruh goşup, olary rowaçlyklaryň täzeden-täze belentliklerine galkyndyrýar.