«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy (öňki «Türkmengeologiýa» müdirligi, «Türkmengeologiýa» geologiýa-gözleg işleri boýunça önümçilik birleşigi) 1938-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Orta Aziýa geologiýa tresti ýapylandan soň döredildi.
1938-nji ýyla çenli ýurdumyzyň çäklerinde nebitgaz meýdançalary ýüzleý öwrenildi we tebigy baýlyklaryň aýry-aýry ýüze çykmalaryny hem-de şol wagt zerur bolan tebigy baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmek işleri geçirildi.