"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Suwy süýjetmegiň kämil gün gurnawy

Häzirki wagtda ylmy-önümçilik merkezimizde ylmyň esasy ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Günüň energiýasynyň hasabyna suwy süýjetmeklik meselesi ol işleriň esasylarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda senagatyň ösmegi ýokary hilli suwy we suw üpjünçiliginiň uly kuwwatyny talap edýär. Türkmenistanda bar bolan ýerasty we ýerüsti suwlaryň düzüminde duzlaryň derejesi ýokarydyr. Onuň adamyň saglygyna we senagat gurnawlaryna ýetirýän täsirini hasaba alanymyzda, bu görnüşli suwlardan peýdalanmakda çözmesi çylşyrymly meseleler ýüze çykýar. Şol sebäpden hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkezinde Gün energiýasynyň hasabyna bugartmaklyk usuly bilen gije-gündiz işleýän suw süýjediji gurnaw işlenip taýýarlanyldy. Gurnawda howa we şorlulyk derejesi dürli bolan ýerasty suwlarda synag-barlag işleri geçirildi. Alnan netijeler barlaghanada barlanyldy we oňyn netije alyndy.

Sanly ykdysadyýetiň ösüş ýollary

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynda hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde gurnamak, geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bu ugurda banklaryň bäsdeşligini ýokarlandyrmak babatynda netijeli işler alnyp barylýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylyp, ýokary ösüşler gazanylýar.

Gymmatly dökün almak tehnologiýasyna patent alyndy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary buýan köki gaýtadan işlenenden soň galyndysyndan dökün önümçiliginiň tehnologiýasyna patent aldylar. Täze tehnologiýanyň esasy aýratynlygy gymmat bahaly komponentleri ulanmazdan, gymmatly döküni taýýarlamaga mümkinçilik berýänligindedir. Döküni taýýarlamak üçin buýan köküniň önümçiliginiň galyndylary belli bir gatnaşykda mekgejöweniň we ýekeniň galyndylary bilen garylýar. Alnan garyndy ownadylýar, suwa ýatyrylýar we ýörite bellenilen temperatura düzgüninde guradylýar. Döküniň täze görnüşi peýdaly önüm öndürmek üçin ikilenç çig malyň ykdysady bähbitliligini görkezmäge mümkinçilik berer. Ol bolsa, öz gezeginde, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmaga ýardam etmek bilen, geljekde Türkmenistanyň agrosenagat toplumynda giňden ulanylyp bilner.

Uzak ýaşamaklygyň syry

Häzirki döwürde lukmanlar näsaglary bejermekde derman serişdelerini az ulanmak bilen, esasan, mylakatly, hoş sözli, güler ýüzli bolmaklyga ymtylýarlar. Adam şatlanan, gülen wagtynda şatlyk gormony bölünip çykýar we ganyň düzüminde şatlyk gormonynyň mukdary köpelip, bedeni köp ýaramaz täsirlerden goraýar. Şatlanylan we ýylgyrylan halatynda ganyň düzüminde emele gelýän endorfin maddasyny ХХ asyryň ahyrlarynda biolog alymlar açdylar. Haçan-da ganyň düzüminden endorfin maddasynyň beden üçin gerekli mukdary bölünip çyksa, onda ol adamyň bedenindäki biohimiki alyş-çalşygynyň kadalydygyny, saglygynyň gowudygyny we keýpiniň kökdügini görkezýär.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 16-22-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+23o-dan +23...+25o aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+35o maýyldan +37...+39o aralygynda yssy bolar. Arçabilde: az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 8-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+22o-dan +22...+24o aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+34o maýyldan +36...+38o aralygynda yssy bolar.

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty, Tehnologiýalar merkezi tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly «Innowasion barlaghana enjamlaryny netijeli peýdalanmagyň mümkinçilikleri» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Himiýa institutynyň daşky gurşawyň himiýasy we ekologiýasy bölüminiň uly ylmy işgäri Jeren Sylapowa «Ýurdumyzyň himiýa ylmynda häzirki zaman enjamlarynyň orny», Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Gaz desgalaryny poslamadan goramak laboratoriýasynyň müdiri Akjagül Işanowa «Gaz enjamlaryny poslamadan goramagyň usullaryny kämilleşdirmek», Tehnologiýa merkeziniň energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň tehnologiýalary barlaghanasynyň kiçi ylmy işgäri Nowruz Amankulow «Tehnologiýalar merkeziniň enjamlarynda geçirilýän metrologiýa barlaglarynyň mümkinçiligi» temalarda alyp barýan ylmy-derňew işleri boýunça çykyş etdiler.

Nebithimiýa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagydyr

Garaşsyz ýurdumyzda Prezident maksatnamalaryna laýyklykda özleşdirilýän maýa goýum taslamalary milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, ilatyň maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Nebitgaz toplumynda, onuň möhüm ugry bolan nebithimiýa pudagynda bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak üçin işjeň maýa goýum syýasatynyň, senagat ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilmeginiň netijesinde berk binýat kemala geldi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) amala aşyrylýan özgertmeler onuň aýdyň mysalydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe TNGIZT diňe nebithimiýa pudagynyň däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iňňän uly döwrebap toplumyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilmeginde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberiniň we görnüşleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda zawodlar toplumynyň öňünde uly mümkinçilikler açyldy. Bu hem işiň depginini üzül-kesil ýokarlandyrdy we nebithimiýaçylaryň öňünde täze wezipeleri goýdy.

Tebigy gazyň eşreti

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda döwletimiz tarapyndan bagtyýar halkymyza berilýän eşretleriň biri — «mawy ýangyç» bilen Mary welaýatynyň ilatyny ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün etmek «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylarynyň gündelik esasy maksady bolup durýar. Olar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanyndaky günlerde bolsa, welaýatyň çägindäki gaz geçirijileri, gaz paýlaýjy desgalary, gaz sazlaýjy enjamlary tebigy gazyň köp sarp edilýän döwri bolan güýz-gyş möwsümine ýokary hilli taýýarlamak işlerine giň gerim berdiler.

Türkmenistanda nebit känleriniň işjeňligini häsiýetlendirmek

Ýangyç-energetika toplumynda nebit we gaz esasy orny eýeleýär. Türkmenistan nebitiň we gazyň öndürilişinde dünýäde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki döwürde nebit we gaz känleriniň onlarçasyndan önümler alynýar. Olaryň işe ukyplylygy hem dürli-dürli bolup, geologik gurluşy babatda gaty çylşyrymly derejededir. Köp ýataklaryň tektoniki näsazlyklary bilen gatlagyň köp bölege bölünmegi we her bölegiň öz geologik we energetiki taýdan tapawudynyň bolmagy olaryň çylşyrymlylyk derejesiniň ýokarydygyny açyp görkezýär. Bulardan başga-da, nebit we nebitgaz ýataklarynyň geologik we energetiki aýratynlyklarynda ulanyş desga girýän gatlaklardaky çäge däneleriniň özara jebisliginiň gowşak bolmagy çylşyrymly çözgütleri talap edýär. Şeýle-de geologik aýratynlyklarda nebitli we suwly gatlaklaryň biri-biriniň aralygynda ýerleşmegi we suwuň nebit gatlagyna gelmek howpunyň döremegi, özbaşdak gaz ýataklarynyň we nebitiň üstünde ýerleşen gaz gatlaklarynyň ýüze çykmagy çylşyrymlylyk çägini has-da ýokarlandyrýar. Ýüze çykýan ýagdaý, ylmyň gazananlaryndan ugur almak bilen, çylşyrymlylygy aradan aýyrmagy esasy mesele hökmünde orta çykarýar. Diňe bir ylmyň gazananlaryndan peýdalanmak arkaly degerli netijeler gazanylman, eýsem, ösen innowasion tehnologiýanyň bu ugra ornaşdyrylmagyny hem talap edýär.

Tebigy gaza bolan isleg artýar

Türkmenistanyň gaz pudagy täze sepgitlere çykýar: şu ýylyň ýedi aýynda tebigy we ugurdaş gazyň çykarylan mukdary ýurdumyz boýunça 48,7 milliard kubmetre golaý boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde olar 9 milliard kubmetrden hem gowrak artdy. Tebigy gazyň 27 milliard kubmetre golaýy eksporta ugradyldy, bu görkeziji geçen ýylyň 7 aýyna garanyňda 7,3 milliard kubmetr köp boldy. Ösüş depgini 137 göterime deň boldy. Ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyna ugradyldy. Halkara analitiki kompaniýalaryň maglumatlaryna görä, tebigy gaza bolan isleg diňe Hytaý Halk Respublikasynda däl-de, eýsem, dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, «The Wall Street Journal» amerikan neşiri bu ýagdaýyň soňky ýylyň dowamynda kompaniýalaryň COVID-19 pandemiýasy zerarly gazyň çykarylyşyny azaltmagy hem-de ony entek dikeldip bilmänligi bilen şertlendirilendir diýip belleýär. Galyberse-de, gyşyň sowuk hem-de tomsuň yssy bolmagy elektroenergetikada gaza bolan islegiň artmagyna getirdi.

Hazar — dost-doganlygyň deňzi

Tebigatyň eçilen gözelliklerini, täsinliklerini synlap-synlap doýma ýok. Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan, yhlasyndan dörän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy goja Hazaryň kenaryny boýlap, özüniň täsin galdyryjy binalary bilen gözüňi dokundyrýar. Awazanyň türkmen kenarynda dörän, ertekilerdäki ýaly kaşaň köşkleri ýatladýan binalaryň depesindäki ýaşyl tuglar toý gününiň buşlukçysy bolup parlaýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli akyl-paýhasynyň, halka bolan mähir-söýgüsiniň, atalyk aladalarynyň netijesinde Hazaryň türkmen kenarynda dörän binalar toplumynyň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany barha artýar.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 9-15-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7-10-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23...+25o-dan +26...+28o aralygynda maýyl, gündizlerine +36...+38o-dan +40...+42o aralygynda yssy bolar. Arçabilde: az bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6-9-dan 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22...+24o-dan +25...+27o aralygynda maýyl, gündizlerine +35...+37o-dan +39...+41o aralygynda yssy bolar.

Iň arzyly Olimpiada

Medallary, münberleri, ýeňişleri, utulyşlary, şatlyklary, ahmyrlary, garaşylan we garaşylmadyk netijeleri bilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary taryha siňdi. Tokio—2020-ni mähir bilen ýatlajak millionlarça janköýerleriň arasynda türkmenistanlylar hem bolar. Çünki bu Olimpiýa oýunlary bize ilkinji medalymyzy bagyşlady. Agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda 59 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Polina Gurýewa kümüş medala mynasyp boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan 200-den gowrak döwletiň arasynda 70-den gowrak medally döwletleriň biri boldy. Nesip bolsa, bu üstünlik nobatdaky Olimpiýa oýunlarynda gazanjak has uly sepgitlerimiziň badalgasy bolar.

Mekdep bazarlary okuwçylaryň hyzmatynda

Tomus paslynyň soňky aýy dowam edýär. Diýmek, mekdep okuwçylarynyň, şeýle hem olaryň ene-atalarynyň 2021 — 2022-nji täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri başlanýar. Şeýle günlerde çagalaryny orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerine ugradýan ene-atalar has-da höwesli görünýär. Ildeşlerimiziň isleglerini kanagatlandyrmak, dünýä ülňülerine laýyk hyzmatlary hödürlemek we täze okuw ýylyny mynasyp garşylamak maksady bilen ýurdumyzda mekdep bazarlary hereket edýär. Ýurdumyzda her täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep bazarlarynyň açylmagy indi asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň hususy eýeçiligi ösdürmek, telekeçileri goldamak baradaky aladalary mekdep bazarlarynda hem aýdyň ýüze çykýar. Halkymyzyň milliligini, medeniýetini, sungatyny, şanly taryhyny, bagtyýarlyk döwrümiziň eşretli durmuşyny şöhlelendirýän okuw esbaplary ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Harytlarda «Türkmenistanda öndürilen», «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň önümi» diýen ýazgylary okanyňda, göwnüň göterilip, eziz Diýarymyza bolan buýsanjyň artýar. Bu hem ýurdumyzyň dünýä ýüzünde senagat taýdan ösen döwletleriň birine öwrülendigini aňladýar.

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär

Isleg-arzuwlaryň amala aşýan ýurdy hökmünde halkara giňişliginde ykrar edilen Türkmenistanda körpe nesil çäksiz üns-alada bilen gurşalandyr. Ajaýyp döwrümiziň bagtyýar çagalary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bakja-baglarda terbiýelenilýär, döwrebap mekdeplerde bilim alýar, ülkämiziň iň gözel künjekleri hasaplanylýan dag etegindäki Gökdere jülgesinde we gojaman Hazaryň kenarynda sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde keýpiçaglykda, şadyýanlykda, ruhubelentlikde wagtyny netijeli geçirýär. Tomusky dynç alyş möwsümi çagalar üçin iň bir gyzykly we başdan geçirmeleriň döwrüdir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki ajaýyp günlerinde beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, nebitgaz toplumyna degişli dynç alyş merkezlerinde hem ýaş nesillerimiziň müňlerçesi talabalaýyk dynç alýar. Ir ertirleri nurana, agşamlary sapaly gözel Gökderede hereket edýän «Çeşme», «Nebitçi», «Nesil», «Şöhle» merkezleri bagtyýar ýaş ösdürimleriň ygtyýarynda. Bu ýerde çagalaryň gowy dynç almagynyň üpjün edilmegi bilen birlikde, olaryň wagtynyň netijeli geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Merkezlerde kompýuter, aýdym-saz, tans, şekillendiriş, çeper okaýyş, dil öwrediş, tikinçilik we beýleki gurnaklar işleýär. Ondan başga-da, kitaphanalar, sport zallary we meýdançalary, kino zallary çagalaryň ýokary derejede dynç almagyny üpjün etmek bilen birlikde, olaryň gözýetiminiň giňemeginde, bedeniniň b

Ýedi aýyň jemi jemlenildi

Geçen şenbe güni Balkan welaýatynda we Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanyp hasabat ýygnagy geçirildi. Hasabat ýygnagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 30-njy iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolan wagtynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 7 aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hasabat ýygnagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Onda nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň, birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri hasabat bilen çykyş etdiler. Hasabatlarda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan wezipeler, meýilnamalar, hususan-da, tebigy gazyň, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, agtarmak we özleşdirmek, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny çig mal bilen ygtybarly üpjün etmek, nebiti gaýtadan işlemek, benziniň, dizel ýangyjynyň polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişini ýokarlandyrmak, maýa goýumlarynyň özleşdirilişi,

Alymlyk derejesini tassyklaýan diplomlar gowşuryldy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak we ykdysadyýetde netijeli peýdalanmak, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiliklerini giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyz ýurdumyzda ylym bilen düýpli meşgullanmak üçin ähli amatly şertler döredilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlan ylym-bilim desgalary, barlaghanalar, olaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi, aspirantlaryň, doktorantlaryň jemgyýetiň ylmy esaslaryny ösdürmeklige, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaklyga gönükdirilen ylmy pikirlerini, derňewlerini, seljermelerini, tekliplerini beýan edip döredijilikli zähmet çekmegi, düýpli işleriň önümçilige ornaşdyrylmagy aýdýanlarymyza şaýatlyk edýär.

Kuwwatly desgalardaky sazlaşykly işler

Türkmen topragynyň gymmatly baýlygy bolan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmaly, ony çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna geçginli önümleri köp öndürmeli. Ine, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň başarjaň işgärleri şeýle belent maksada gulluk edýärler. Olar ýurdumyzy şanly toýa — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna barha ýakynlaşdyrýan her bir güni zähmet üstünliklerine besleýärler. — Ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň hatyrasyna müdirligimiziň ähli önümçilik bölümlerinde ýokary ruhubelentlik bilen zähmet çekilýär. Biz hünärmenlerimiziň ýokary netijeli işlemegi üçin amatly iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge uly ähmiýet berýäris. Şonuň netijesinde kämil desgalarymyzda işler gyzgalaňly dowam edýär — diýip, müdirligiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Begenç Haýdarow gürrüň berýär.

Bir sütünde iki gatlakdan nebit almak

Başlangyjy gazetiň geçen sanynda «Türkmennebit» döwlet konserni guýulardan bir wagtyň özünde aýry-aýrylykda iki we ondan-da köp gatlaklardan nebit çykarmagy üpjün edýän enjamlary göz öňünde tutup, dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen tanşyp, öz ünsüni Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurt kompaniýalarynyň enjamlarynda jemledi. Esasan-da, nebit çykarmagyň bu usuly bilen «çüwdürim-çüwdürim», «çüwdürim — gazlift» we «gazlift — gazlift» çyzgyly tehnologiýany ulanyp, ykdysady seljerme esasynda bir wagtda aýry-aýrylykda nebit çykarmagyň çyzgysyny iş ýüzünde görkezmegi ünsden düşürmän gelýär. Soňky ýyllarda önümçilige täze tehnikalaryň we tehnologiýalaryň batyrgaý ornaşdyrylmagy bu aýdylanlara güwä geçýär. Çünki daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçilerine burawlaýyş işleriniň netijeliligini, gatlaklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanmaga mümkinçilik berdi we berip gelýär. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen Demirgazyk Goturdepede ilkinji gezek 200-nji we 147-nji guýularda bir sütünde ýokary gatlak gazlift usuly bilen we aşaky gatlak çüwdürim usuly bilen işledildi. Mundan başga-da 29-njy, 37-nji guýularyň dürli çuňluklarynda üç sany ýokary önümli gatlagyň açylmagy bilen olarda hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy oňyn netijele

Türkmen geologlarynyň oňyn netijeleri

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň çäginde geologik-geofiziki usullar bilen ýer jümmüşini öwrenmek boýunça toplumlaýyn strategiýany işläp taýýarlaýan we tebigy baýlyklaryň ýataklaryny ýüze çykarmak üçin barlaglary geçirýän geologiýa-gözleg ugry boýunça döwlet guramasydyr. Bu gurama, şol sanda Türkmenistanyň geologik gurluşy we onuň tebigy baýlyklary baradaky maglumatlary ýygnaýar hem-de saklaýar. Türkmenistanyň ähli çäginde geçirilýän geologiýa-gözleg işlerini hasaba alýar we bitewi hasabatyny ýöredýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda korporasiýanyň geologlary tarapyndan Türkmenistanyň ýerasty gurluşyny, baýlyklaryny öwrenmekde, ygtybarly mineral çig mal binýadyny döretmekde we ösdürmekde ägirt uly meýilnamalaýyn işler amala aşyryldy. Ýurduň mineral çig mal serişdeleriniň ýagdaýy häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän senagat kärhanalarynyň uzak wagtlap we ygtybarly işlemegini hem-de olaryň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.