Kuwwatly desgalardaky sazlaşykly işler

2 Awgust 2021
1290

Türkmen topragynyň gymmatly baýlygy bolan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmaly, ony çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna geçginli önümleri köp öndürmeli. Ine, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň başarjaň işgärleri şeýle belent maksada gulluk edýärler. Olar ýurdumyzy şanly toýa — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna barha ýakynlaşdyrýan her bir güni zähmet üstünliklerine besleýärler.

— Ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň hatyrasyna müdirligimiziň ähli önümçilik bölümlerinde ýokary ruhubelentlik bilen zähmet çekilýär. Biz hünärmenlerimiziň ýokary netijeli işlemegi üçin amatly iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge uly ähmiýet berýäris. Şonuň netijesinde kämil desgalarymyzda işler gyzgalaňly dowam edýär — diýip, müdirligiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Begenç Haýdarow gürrüň berýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».