Garaşsyzlyk — köňüllerimiziň ganaty

20 Sentýabr 2021
737

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyly içinde döwletimiziň syýasatynda, ykdysadyýetinde asyrlara barabar öňegidişlikler gazanyldy. Nebitgaz, gurluşyk, oba hojalyk, dokma pudaklarynda, ylym-bilimde, lukmançylykda, senagatda uly üstünliklere ýetildi. Halkymyz «Toýdan ýetirsin!» diýip, toýlaryny toý şekilli geçirmegi, uludan tutmagy başarýar. Ynha, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem toýlarymyz toýlara ulaşyp barýar.

Türkmen topragynda toýlaryň toýa ulaşmagy, abadan ilimiziň asmanynyň asuda bolmagy, ýurdumyzda agzybirligiň höküm sürmegi eşretden nyşan. Garaşsyzlyk — erkinligimiz, parahatlygymyz, asudalygymyz, jebisligimizdir. Asuda Watanda ýaşap, ajaýyp günleriň hözirini görýän bagtly halk dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýar. Muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly ýyllary doly şaýatlyk edýär. Asudalygyň, agzybirligiň, jebisligiň bar ýerinde ösüşiň, özgerişiň, berekediň bolýandygyny milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlar babatda ýeten derejesi açyk-aýdyňlygy bilen subut edýär.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Nebit-gaz».