Hil — esasy görkeziji

13 Sentýabr 2021
1331

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Derýalyk» önümçilik edarasynyň Gaz guradyjy desgasynyň işçi-hünärmenleri şu günler ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna sowgatly barmak maksadynda daşary bazara çykarylýan türkmen gazynyň halkara hil derejesinde bolmagy ugrunda nusgalyk işleri alyp barýarlar.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda Ukrainanyň «Ukrgazproýekt» şereketi tarapyndan gurlup, 2013-nji ýylyň dekabr aýynda ulanyşa berlen bu desgada 8 sany ulgam bolup, olaryň önümçilik kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 185 million kubmetr tebigy gazy guradyp, halkara ölçeglerine laýyk derejede üstaşyr geçirmäge ukyplydyr. Şol ulgamlaryň 3 sanysy pes basyşly, 5 sanysy bolsa ýokary basyşly tebigy gazy guradyp geçirmäge niýetlenendir. Pes basyşly ulgamlaryň her biriniň gije-gündiziň dowamynda 20 million kubmetr, ýokary basyşly ulgamlaryň hersiniň bolsa 25 million kubmetr «mawy ýangyjy» guradylan görnüşinde geçirmäge ukybynyň bardygyny degişli hünärmenler gürrüň berýärler.

Dädebaý NARTYÝEW,
«Nebit-gaz».