Önüm bolçulygy döredilýär

15 Noýabr 2021
1094

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek we milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmek üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň alymlary we hünärmenleri tarapyndan şertnamalar esasynda her ýylda pudagyň önümçiligi bilen baglanyşykly işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän ylmy-barlag we taslama işleri amala aşyrylýar hem-de netijeleri önümçilige giňden ornaşdyrylýar.

Türkmenistanda uglewodorod çig malyny gazyp almak we ilkinji gaýtadan işlemek, suwuklandyrylan gazyň, motor ýangyjynyň, polimer materiallaryň, sintetik süýümleriň, sintetik ýuwujy serişdeleriň, üst-işjeň maddalaryň we beýleki möhüm önümleriň önümçiligini gurnamak maksady bilen, gazy çuňňur gaýtadan işleýän gazhimiýa toplumlaryny döretmeklige we ösdürmeklige uly üns berilýär. Muňa mysal edip, Hazar deňziniň kenarynda metanyň pes gomologlarynyň esasynda polimerleri öndürmek boýunça iri gazhimiýa toplumyň gurluşygynyň amala aşyrylmagyny görkezmek bolar. Bu önümçilik Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşen nebit ýataklaryndan çykarylýan ugurdaş gazlaryň düzüminden bölünip alynýan metanyň pes gomologlaryna, ýagny etana, propana, butana we С5 — С7 ýeňil suwuk uglewodorodlara esaslanýar.

Begli BEGLIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.