Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ösüşlerinde mynasyp paýy bolan işgärlerdir hünärmenler sanardan kän. Şeýle işgärleriň biri «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň Awtoulaglar kärhanasynyň önümçilik tehniki bölüminiň başlygy Hangeldi Jumageldiýew.
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häzirki «Bereket» daýhan birleşiginde 1960-njy ýylda dünýä inen H.Jumageldiýew geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ahyrynda öz dogduk obasynda zähmet ýoluna başlaýar. Daýhan üçin oba ýeriniň hemişe iş-aladasy ýetik. Çünki edil nebitdir gaz ýaly, il arasynda «ak altyn» atlandyrylýan pagtanyň hem ýurdumyz üçin strategik ähmiýeti bar. Biziň gürrüňini edýän oba oglanymyz hem ýaşlykda bu iş bilen taplanýar. Basan ýerinden ot çykýan gujurly ýaş ýigit Watan goragynda gulluk borjuny abraý bilen sowup, dogduk obasynda mehanizator hünärinde işe başlaýar. Hemme zat düzüw, ählisi ugruna ýaly bolup görünse-de, ýaş ýigidiň ýene-de bir arzuwy bardy, ol hem ýokary bilim almak we zähmet ýoluny nebitgaz pudagyna baglamak islegidi. Soňky döwürde nebitgaz pudagynyň ösdürilmegi, yzly-yzyna baýlyk känleriniň özleşdirilmegi senagatyň bu möhüm pudagynda ýaş hünärmenleriň zerurlygyny ýüze çykardy. Durmuşda çynyň bilen yhlas etseň, arzuwyň bitmän galjak gümany ýok. Hangeldi 1981-nji ýylda şol wagtky Türkmen politehniki institutyna gaýybana okuwa girýär.