Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen eziz Diýarymyz dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwrüldi. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere beslenýän ýurdumyzda mähriban halkymyzyň asuda, parahat we eşretli durmuşda ýaşamagy munuň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda pederlerimiziň sapaly durmuş, berkarar döwlet baradaky arzuw-umytlary hasyl boldy. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, özgerişlikler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri halkyň, her bir adamyň bagty, göz-guwanjy bolup, ajaýyp döwrümiziň özenini emele getirýär. Bu beýik düşünjeler Watanymyzyň at-abraýyny Arşa göterýär.