Beýik akyldar şahyr Magtymgulynyň şygyrlar diwanyny okadygyňça, seni özüne bendi edýär. Sebäbi olarda ömrüňe many çaýmagyň, durmuşyňy gözelleşdirmegiň, ýaşaýşa umytly bakmagyň esaslaryny görmek hem duýmak bolýar. Sada dilde, sagdyn kapyýada ýazylan bu şygyrlar dessine ýadyňda galýar, gulagyňda saz ýaly ýaňlanýar. Magtymgulynyň «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýip ýazyşy ýaly, ol öz atasynyň döredijilik ussatlygyndan nusga alyp kämilleşýär. Ata bilen ogluň şygryýet sungaty olaryň döredijilik dünýäsindäki arabaglanyşygy, edebi çeperçilik gatnaşygy ýüze çykarýar.
Agzybirlik bilen berk baglanyşykly türkmeniň gadymy edim-gylymlary, milli däp-dessurlary, aýtgylary bu günki bagtyýar döwrümizde halkymyzyň diliniň senasyna öwrüldi. Watan, halk, agzybirlik diýen ganatly sözler agzalanda, ilkinji nobatda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Berkarar döwlet istärin» diýen ajaýyp setirleri seriňe dolýar. Berkarar döwlet isläp, agzybirligi we bitewüligi wagyz eden Magtymguly Pyragy akyl äleminiň bakylyk çyragydyr. Şahyr agzybirligiň bar ýerinde döwletliligiň, abadançylygyň, bitewüligiň bolýandygyny öz şygyrlary arkaly beýan edipdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryh üçin gysga döwrüň içinde türkmen halkynyň Garaşsyzlyk, agzybirlik, bitewülik, berkararlyk ýollarynyň çawy bütin dünýä ýaň saldy. Halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň parahatlygynyň düýp sebäbi bolan agzybirligimiz döwletimiziň ösüş-özgerişine, tutumly maksatlarymyzyň rowaçlanmagyna badalga berýär.