Ylmy-amaly maslahat geçirildi

14 Dekabr 2021
963

«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) Halkara Bitaraplyk güni hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nebitgaz pudagynyň ylmyny ösdürmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly sanly ulgam arkaly ylmy-amaly maslahat geçirildi. YBTGI we onuň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan onlaýn usulda geçirilen ylmy-amaly maslahata Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutyndan hem-de Tehnologiýalar merkezinden wekiller gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda ylmy işgärler, inženerler, kafedra, laboratoriýa müdirleri, bölüm başlyklary, mugallymlar çykyş etdiler. Çykyşlarda, hususan hem, gaz arassalaýjy desgalaryň metallaryny ultrases usulynda derňemek, ýerli çig mallardan demriň III walentli hloridiniň alnyşy, nebit we nebit önümleriniň fiziki-himiki görkezijilerini kesgitlemekde häzirki zaman enjamlarynyň orny, kömürturşy gazyny ýerasty saklawhanalara ýygnamakda göz öňünde tutulmaly howpsuzlyk çäreleri, tebigy gaz arassalananda bölünip çykýan kükürtden oba hojalyk üçin peýdaly önümleriň alnyşy, «Galkynyş» gaz käninde gazy gaýtadan işlemegiň esasy ugurlary, deňiz şertlerinde kese we ýapgyt guýulardan nebiti we gazy çykarmagyň tehnologik aýratynlyklary, karbonat gatlaklarynyň häsiýetlerini kesgitlemegiň aýratynlyklary barada ylmy garaýyşlar, pikirler we seljermeler beýan edildi. Maslahatyň barşynda ylmy edaralaryň wekilleriniň arasynda özara pikir alşyldy, şeýle-de halypa alymlar tarapyndan ýaş hünärmenleriň gyzyklanýan soraglaryna kanagatlanarly jogaplar berildi.

«Nebit-gaz».