Däp boluşy ýaly, ýurdumyzda 14-nji dekabrda bellenilip geçilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni Halkara Bitaraplyk baýramy bilen utgaşyp gelýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk ýubileý toýlarynyň ýokary derejelerde giňden bellenilmegi aýratyn şatlyga beslenen wakalar bolup durýar.
Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, strategik ähmiýetli hasaplanylýan nebitgaz pudagy hem ösüş ýolunda bolup, birnäçe döwlet ähmiýetli taslamalar netijeli amala aşyrylýar. Olaryň hataryna TOPH gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylmagy, Türkmenistan döwletimiziň gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny, eksport mümkinçiligini has-da artdyran «Malaý» gaz känindäki gaz gysyjy desganyň hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata bermegi bilen açylyp, ulanylmaga girizilmegi, «Galkynyş» gaz känindäki nobatdaky ýokary tehnologik guýularyň gurluşygyna badalga berilmegi degişlidir.