Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, bolelin, eşretli durmuşda ýaşamaklaryny gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen “Döwlet adam üçindir!”diýen şygary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan döwletimizde her bir raýatyň saglygy döwletiň baş baýlygy bolup durýar. Ýurdumyzda il saglygyny goramak, dürli keselleriň öňüni almak, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak işlerinde buýsandyryjy netijeler gazanylýar.
Saglyk jemgyýetiň esasy gymmatlygy hasaplanýar. Sebäbi, saglyk bagtyýar, eşretli, gyzykly durmuşyň özenidir. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň ähli aladamyz halkymyzyň bagtly, eşretli ýaşaýşyna gönükdirilendir» diýen sözleri munuň aýdyň beýany bolup durýar. Alym-lukman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen sanlyja ýyllarda milli saglygy goraýyş ulgamy halkara derejesinde belentlere göterildi. Ata Watanymyzyň dürli künjeginde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän sport, saglygy goraýyş maksatly binalar munuň aýdyň beýanydyr. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, dünýäniň öňdebaryjy tehonologiýa ägirtleriniň kämil enjamlarynyň alynmagy, ýokary bilimli hünärmenleriň ýetişdirilmegi, bu halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.