Ýaşulularyň at-abraýy — ýaşlara görelde

4 Ýanwar 2022
1283

Türkmen halky ula hormat goýmagy başaran halk. Taryhyny müňýyllyklaryň köklerinden alyp gaýdan bu edim-gylym, sylag-sarpa halkymyzyň ruhy gymmatlyklara öwrülen ýörelgelerine çäksiz sarpa goýýandygyny görkezýär. Elbetde, bu ýörelge, häzirki günlerde nesillere hem ýetirilýär.

Gahryman Arkadagymyz durmuşa ornaşdyrýan her bir işine başlamazynyň öňüsyrasynda ýaşuly nesillere sala salýar. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň işine ýaşuly nesilleriň gatnaşmagy olaryň durmuş tejribesini jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmekde giňden peýdalanmaga, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini üpjün etmäge mümkinçilik döretdi.

Janabaý ŞYHYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň kafedra müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.