Täze ýyl bolelinlikde abadanlyk bilen garşylanylýar

28 Dekabr 2021
927

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjekleri Täze ýylyň şatlyk-şowhunly dabaralaryna beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ähli baýramçylyklarymyz bilen birlikde Täze ýyl dabaralarynyň täsirli we gyzykly geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda giň gerimde bellenilýän toý-baýramlaryň biri-birine utgaşyp gitmegi, ak bazarlarda we söwda merkezlerinde önümleriň dürli görnüşleriniň bolelin bolmagy, harytlaryň bahasynyň elýeterliligi adamlary guwandyrýar we olaryň ruhuny göterýär.

Geçen hepdede sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çärelerini guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz bu çäreleriň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapan döwlet syýasaty bilen baglylykda amala aşyrylýandygyny nygtamak bilen, dekabryň 25-inden 1-nji ýanwara çenli bazarlarda we dükanlarda senagat hem-de azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwyny guramagy, adamlaryň dogan-garyndaşlary we ýakynlary üçin sowgatlary alar ýaly hem-de Täze ýyl baýramyny gowy geçirer ýaly, käbir harytlaryň bahasyny 50 göterime çenli arzanlatmagy tabşyrdy. Baýramçylyk günlerinde, ýagny 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyz şäher awtobuslaryndan mugt peýdalanarlar.

Mämmet MÄMMEDOW,
«Nebit-gaz».