«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirliginde şu ýylyň geçen on bir aýynda hünärmenler tarapyndan hereket edýän guýulardan alnan «mawy ýangyjyň» möçberi 2 milliard 531 million kubmetre golaýlap, bu baradaky meýilnama 165 göterim amal edildi. Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň geçen hasabat döwründe tutuş konsern boýunça çykarylan tebigy gazyň üçden iki bölegi körpejeli gazçylara degişlidir.
Körpeje, Çekişler, Altyguýy ýataklarynda hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjy» çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak bilen meşgullanýan bu müdirlik 1998-nji ýylda işe girizilen gününden bäri hemişe ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmagy başarýar. Gündogardan günbatara otuz kilometre, demirgazykdan günorta 160 kilometre golaý meýdany özünde jemleýän hazynalar ýataklarynda iş alyp barýan müdirlikde häzirki wagtda dürli kärlerde öndürijilikli zähmet çekýän gazçylaryň umumy sany 750-den hem geçýär. Müdirligiň gaz çykaryş, gaz taýýarlaýyş we daşaýyş, gazy gysyjy, elektrik enjamlary, elektrik üpjünçiligi hem-de abatlaýyş, barlag-ölçeg abzallary we awtomatlaşdyryş, prokat abatlaýyş, gaz ölçeýji beket, jemagat hyzmat ediş, suw saýlaýjy desga ýaly bölümleridir ülüşlerinde döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda ylmyň, tehnikanyň iň soňky gazananlary, takyk kompýuter ulgamlary giňden peýdalanylýar. Hut şu ýagdaýyň özi müdirlige sebitleýin senagat düzümleriniň we ilatyň tebigy gaza bolan islegini ygtybarly kanagatlandyrmaga giň mümkinçilik berýär.