Sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy

11 Ýanwar 2022
582

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge uly üns berilýär. Daşky gurşawy goramak, tebigaty asyl durkunda geljekki nesillere miras galdyrmak, ata Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny goramak hormatly Prezidentimiziň ekologiýa diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Türkmenistan BMG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen ykjam hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek ugrunda alnyp barylýan işleriň netijesinde emeli tokaýlaryň meýdany giňeldilýär, gülzarlyga beslenen seýilgähler döredilýär. Bu wajyp çäreler «Gök guşak» maksatnamasyna laýyklykda has-da giň gerime eýe bolýar. Maksatnamanyň çäginde ilatly ýerler ýaşyl zolaklar bilen gurşalýar, goraýjy tokaý zolaklary döredilýär, tebigy jeňňellikleriň görnüşleri gaýtadan dikeldilýär.

Wepa AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.