"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň mart aýynyň 14-20-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...+2o-dan +5...+7o aralygynda maýyl, gündizlerine +2...+4o-dan +10...+12o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...+1o-dan +4...+6o aralygynda maýyl, gündizlerine +l...+3o-dan +9...+11o aralygynda maýyl bolar.

Siziň üçin duşuşyk Mämmetsapar Toýlyýew

Ussat halypa kompozitorlaryň biri hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň ýokary derejeli mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Mämmetsapar Toýlyýewdir. Biz halypa bilen söhbetdeş bolup, onuň durmuş ýoly, döreden eserleri, şägirtleri barada gyzyklandyk. Halypa bilen bolan söhbetdeşlikde onuň ýüreginden çykýan joşgunly sözleri hem döredýän sazlary ýaly köňlüňe mylaýymlyk bagyş edýär. — Mämmetsapar aga, sungata gelşiňiz bilen bagly gürrüňleriňiz bilen söhbedimizi başlaýalyň.

Ýolagçy uçary myhmanhana öwrüler

Fransiýada on ýyl mundan ozal iki gatly iň uly ýolagçy uçary bolan A380 amatlylygy we uzak aralyga uçuş mümkinçiliklerine görä howa gatnawynyň naýbaşysydy. Ýene-de 20 ýyl uçup biljekdigine garamazdan, uçuşlaryň özüne düşýän gymmatynyň ýokarydygy sebäpli olar uçuşdan aýryldy. «Airbus»-yň öňki inženeri Frederik Delez hasapdan aýrylan A380 awialaýnerleriniň birini satyn alyp, ony restoran toplumly myhmanhana öwürmek üçin üýtgedip gurnaýar. Uçar konstruktory 2024-nji ýyla çenli özüniň «Envergure» atly taslamasyny tamamlamakçy. Ol laýneri «Airbus» uçar zawodynyň ýerleşýän Tuluza howa menziliniň golaýynda goýmak isleýär. Gaýtadan gurlan ägirt uly uçarda duş we hajathana bilen birlikde 31 sany otag bolup, şolardan 2-si lýuks otagy bolar. Dispetçer diňi bilen utgaşdyrylan myhmanhanada 60 orunlyk restoran bolar. Uçaryň eýesi myhmanhanany işe girizip, çylşyrymly meýilnamanyň birinji tapgyryny şu ýyl tamamlamagy meýilleşdirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bahar paslynyň ilkinji gününde halkymyza sowgat eden «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen dabara nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, myhmanlar gatnaşdylar. Wise-premýer öz çykyşynda dabara gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gymmatly sowgady, ata Watanymyzyň rowaçlygyna, ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli syýasaty üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Ýylyň iki aýynyň jemlerine garaldy

Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Türkmenistanyň halkynyň geljeginiň saýlawy

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilmegine sanlyja gün galdy. Ozal gazetimizde habar berlişi ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar syýasy partiýalar hem-de raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan görkezilen resminamalara garamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dokuz dalaşgäri bellige aldy. Döwlet Baştutanynyň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak olaryň her biri üçin belent mertebedir hem-de Garaşsyzlyk ýyllary içinde kemala gelen ýaş nesliň ählisi üçin örän uly jogapkärçilikdir. Şu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň erkin we deňhukukly esasda hödürlenilendigini, hödürlemek hem-de bellige almak işiniň bolsa, milli kanunçylygyň talaplaryny berjaý etmek bilen, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilendigini, saýlaw möwsüminiň hemme tapgyrlarynyň hereket edýän milli kanunçylyga hem-de umumy kabul edilen halkara kadalara laýyklykda öz wagtynda guralandygyny aýratyn bellemek gerek.

«Galkynyşda» zähmet galkynyşy

Hormatly Prezidentimiziň «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmek barada edýän bimöçber aladalary bu ýerde işleýän gazçylarda täze zähmet galkynyşyny döredýär. Gaz käniniň tebigy gazy gaýtadan işleýän kärhanalarynda, gaz guýularynda zähmet çekýän gazçylaryň häzirki günlerdäki iş depginleri dogrusynda gürrüň bermegini sorap, «Marygazçykaryş» müdirliginiň başlygynyň orunbasary Mekan Muhammedowa ýüz tutanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Gahryman Arkadagymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde Mary welaýatyna iş saparynyň çäginde iňňän baý gaz gorly «Galkynyş» gaz käninde bolup, bu ýerde «mawy ýangyjyň» çykarylyşy, gazçylarymyzyň iş hem durmuş şertleri bilen ýakyndan tanyş boldy.

Nebitgaz senagatynyň köptaraplaýynlygy

Hormatly Prezidentimiziň üns-aladasy netijesinde ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetinde barha berkeýän ornuny üpjün etjek eksport mümkinçiliginiň möçberini has-da artdyrmaga şert döredýär. Elbetde, bu ugurda alnyp barylýan işler nebitgaz senagatyndan hem üzňe däldir. Sanly tehnologiýalaryň gerimini giňeltmek, esasan-da, 3D usullaryny ulanmagyň hasabyna giňeltmek şu günüň talabydyr.

Eksportyň gerimi giňelýär

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde özümizde öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işe «Türkmengaz» döwlet konserniniň Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň başarjaň işgärleri netijeli gatnaşýarlar. Olaryň kämil önümçilik desgalarynda öndürýän önüminiň eksportynyň täze ugurlary peýda bolýar. Geçen ýylda ýurdumyzyň gündogar welaýatynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Özbegistana we Täjigistana hem ugradylyp başlandy. Mälim bolşy ýaly, hut Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin bu täze önümçilik peýda bolupdy. Sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge niýetlenen kuwwatly desgalar toplumlary daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmaklarynda Naýyp we Bagaja gaz känlerinde gurlup, ulanylmaga berildi. Olarda zähmet çekýän hünärmenler önümleriň öndürilişini artdyrmak ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Agzybirlik bilen işlemek arkaly geçen ýylda eksporta suwuklandyrylan gazyň 95 müň tonna golaýy ugradyldy. Şunlukda, bu görkeziji boýunça öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 105 göterime golaý ösüş gazanyldy. Munuň özi müdirligiň işgärleriniň ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge mynasyp derejede gatnaşýandyklaryndan habar berýär. Olaryň täze başlanan ýylda eýelemegi maksat edinýän sepgitleri has-da belent.

Nebitgaz ulgamynyň rowaç menzilleri

2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ähmiýetli waka bolup, geljek 30 ýylda Türkmenistan döwletimizi dünýä derejesindäki uly ösüşlere beslär, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterer. Hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda «Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermekde özüniň öňdeligini berkitmegi dowam eder. Şu maksat bilen, nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek dowam etdiriler» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçdi.

Ýangyç ýylylyk we önüm çeşmesidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýangyç-energetika pudagy ýokary derejelerde ösdürilýär. Ýangyç — munuň özi ýylylyk öndürmäge ukyply bolup, gaty, suwuk we gaz halyndaky ýangyç düzümlerine bölünýär. Ýangyjyň görnüşine garamazdan, onuň 83-85%-ini uglerod; 12-13%-ini wodorod, 0,5-0,8%-ini bolsa kislorod tutýar.

Halkara zenanlar güni mynasybetli

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi, Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň geňeşi, «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan paýtagtymyzdaky «Gülzemin» söwda merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Halkyň Arkadagly zamanasy — türkmen zenanynyň göwün ganaty» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň ençeme pudaklaryndan sungat ussatlaryny jemlän konsertde kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary, Türkmenistanyň halk artistleri Myrat Baýramgeldiýew, Gülnar Nuryýewa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Gözel Öwezowa, Çynar Jumaýewa, Begmyrat Annamyradow, Oguljan Bekiýewa, Gulberdi Jepbarow, Ilşat Annamämmedow, «Laçyn» folklor topary, «Serpaý» tans topary, «Aşgabat» tans topary, teatrlaryň sahna ussatlary çykyş etdi. D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döredijilik wekilleriniň sazandarlyk etmeginde diýseň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen medeni çärede mähriban zenanlarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen okgunly ösdürilýän ata Watanymyzyň waspyny ýetirýänaýdymlar belentden ýaňlandy, ajaýyp tanslar ýerine ýetirildi. Drama sungatynyň ussatlarynyň gysga sahnalary baýramçylyk dabarasynyň täsirini has-da artdyrdy.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň mart aýynyň 7-13-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3...+5o-dan +9...+11o aralygynda maýyl, gündizlerine +11...+13o-dan +23...+25o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2...+4o-dan +8...+10o aralygynda maýyl, gündizlerine +10...+12o-dan +22...+24o aralygynda maýyl bolar.

Döwre mynasyp nesil

Hormatly Prezidentimiziň kabul eden Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde okuw-terbiýeçilik işlerine dünýäniň iň oňat tejribeleri ornaşdyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen milli ýörelgelere hem-de oňyn halkara tejribesine laýyklykda, bilim ulgamynyň ähli basgançaklary üçin döwrebap okuw maksatnamalarydyr meýilnamalary düzülip, okuw gollanmalarydyr kitaplary taýýarlanyldy. Çagalar mekdebe taýýarlananda özara baglanyşykly san we hasaplamak, ululyk we kiçilik, geometrik şekiller barada deslapky düşünjäni alýarlar. Bu maglumatlar öwredilende şekilleri anyk suratlandyrmakda multimedia tehnologiýalarynyň ähmiýeti diýseň uludyr.

Iň gowy ekran — «iPhone 12 Pro Max»

Dünýäde tehnologiýa enjamlarynyň ekranlarynyň hilini barlaýan we umumy standarty kämilleşdirýän «DisplayMate»-niň hünärmenleri «Apple»-niň soňky smartfonlaryndan ekrany iň uly we iň gymmady bolan «iPhone 12 Pro Max»-yň jikme-jik synag netijelerini çap etdiler. Bu smartfon 11 kategoriýa boýunça birbada iň ýokary bahany aldy. Ozal «Apple» kompaniýasynyň telefonlarynyň hiçisi bu derejä ýetip bilmändi. «iPhone 12 Pro Max»-yň bäsdeşlerinden üstün çykan aýratynlyklarynyň arasynda reňk takyklygy, suratlaryň kontrasty, ekranyň doly ýagtylygy, tebigy ýagtylygyň kontrasty, displeýiň ýalpyldamaga garşy goragy, ähli nokatlardan seredeniňde ekrandaky şekiliň durnuklylygy we başgalar bar. Kompaniýanyň ozalky telefony bolan «iPhone 11 Pro Max» bary-ýogy 9 kategoriýada, bir ýyl öň bolsa, «iPhone XS Max» 8 kategoriýada öňdeligi eýeläpdi.

Ýurdumyzda Prezident saýlawlaryna uly gyzyklanma bildirilýär

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk, aýdyňlyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry — ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak tamamlandy. 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek ýurdumyzyň Prezidentiniň saýlawlary türkmen halkynyň mizemez agzybirligini we jebisligini, döwletimiziň we jemgyýetimiziň hakyky demokratik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygyny nobatdaky gezek görkezip, Garaşsyz türkmen döwletiniň täze taryhynda möhüm waka öwrüljekdigini ynamly aýtmak bolar.

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Ertir Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Taryhy nukdaýnazardan o diýen uly bolmadyk möhletde garaşsyz ösüş ýyllarynda parahatçylyk döredijilik babatda örän uly tejribe toplan Türkmenistan Merkezi Aziýada durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar hem-de sebit we dünýä ähmiýetli döwrüň möhüm başlangyçlarynyň ençemesini öňe sürýär. Şol başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yzygiderli beýan edilýär. Dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy ikinji jahan urşundan soň, dünýäde uruş howpunyň öňüni almagyň, adamzadyň röwşen geljeginiň, arzuw-maksatlarynyň amala aşmagynyň hatyrasyna döredildi. Esaslandyrylanda 50-den gowrak agzasy bolan, häzirki wagtda bolsa 193 döwleti özüne birleşdirýän bu guramanyň esasy maksady parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy, adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek bilen birlikde, döwletler arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.

Saýrak dilli şahyr

Bir müň dokuz ýüz ýetmiş birinji ýylyň birinji sentýabrynda «Edebiýat we sungat» gazetine işe girdim. Şol döwürde Gurbannazar Ezizow tankyt bölüminiň müdiridi. Näme üçindigini bilemok, ýöne biziň üýnümiz alşyp gitdi. Ýogsa, ol menden on ýaş uludam. Gurbannazar redaksiýada uzak işlemedi. Birsellem öýde döredijilik bilen meşgullandy. Gatnaşygymyz welin azalmady. Häli-şindi oturylyp-turşulardy. Öýlerine baranymyzda, täze goşgularyny okardy, dutar çalardy, gadyrly gatnaşyk tä aramyzdan gidýänçä kesilmedi. Dostumyz Gurbannazar hakynda birnäçe ýatlama ýazdym. Döredijilik dünýäsine-de azda-kände degip geçdim. Umuman, Ezizowy häli-şindi ýatlap durus. Okyjylara hödürlenilýän şu ýazgymyzam Gurbannazar bilen bagly gysgajyk kyssalar.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 28-i — mart aýynyň 6-sy aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3...+5o-dan +8...+10o aralygynda maýyl, gündizlerine +13...+15o-dan +21...+23o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2...+4o-dan +7...+9o aralygynda maýyl, gündizlerine +12...+14o-dan +20...+22o aralygynda maýyl bolar.

Aly ALYÝEW: «Bagtyýarlyk döwrüni wasp edip, aýdym aýdasym gelýär»

Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan sungat işgärlerine Şa serpaýlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu hormatly ada Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen äheňleri» estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy Serdar Haýdarow, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň hünärmeni Aly Alyýew, şeýle-de Mary welaýatynyň Mary şäher Bagşylar öýüniň akkompaniatory Azat Oramadow dagy mynasyp boldy.