"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Guwandyryjy netijeler belent sepgitlere badalga

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen berkarar döwletimizde şu günler emele gelen ýokary ruhubelentlik «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylaryny hem ösüşleriň täze belentliklerine atarýar. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda edaranyň agzybir işçi-hünärmenleri tarapyndan welaýat merkezi Daşoguz şäheriniň çäginde bar bolan dürli basyşly 550 kilometre golaý uzynlykdaky bitewi gaz ulgamynyň, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlarynyň bolsa 444 sanysynyň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi gazanylyp, göz öňünde tutulan iki aýlyk iş meýilnamasy talabalaýyk berjaý edildi. — Edaramyzda näsazlygy habar beriş we hasaba alyş, daşary gaz geçirijilere, gaz sazlaýjylaryna gözegçilik, içeri öý gaz enjamlaryny bejeriş, gaz ölçeýji enjamlaryny oturdýan, hasabyny ýöredýän gözegçilik, hyzmat ediş hem-de gaz ýerleşdiriş we hasabaty ýaly gulluklarymyz, bolup, olara öz işine belet tejribeli hünärmenlerimiz ýolbaşçylyk edýärler. Munuň özi edaramyzyň her bir gullugynyň işçi-hünärmenleriniň agzybirlikde zähmet çekmeginde hem-de öňlerinde goýlan wezipe-borçlaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyklykda ýokary derejede berjaý etmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Gaz hojalyk edaramyzyň gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işleýän näsazlygy habar beriş we hasaba alyş gullugynda Meretgeldi Amanowyň ýolbaşçylygynda ilatdan ge

Nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Guýulary düýpli abatlamak işleri boýunça: guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek üçin himiki serişdeleri we düzümleri almak boýunça institutyň guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek laboratoriýasynda ylmy-barlag işleri doly ýerine ýetirildi. Alym-hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Nebit we gaz guýularynda gatlak suwlaryny izolirlemegiň usuly» atly oýlap tapyşa Türkmenistanyň çäklendirilen patenti alyndy. Hödürlenilýän usul bolan alýuminiý gossipolýatynyň çökündisi bilen gatlak suwuny çäklendirmek işlerini geçirmek üçin zerur hasaplanylan tehnologik işleriň meýilnamasy düzüldi we 2020-nji ýylyň dowamynda Goturdepe nebitgaz käniniň 2 sany guýusynda önümçilik-synag işleri geçirildi. Geçirilen synag işlerinde netijelilik gazanylandygy göz öňünde tutulyp, ony önümçilikde giňişleýin ulanmak teklip edildi.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň mart aýynyň 28-i — aprel aýynyň 3-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5...+7o-dan +9...+11o aralygynda maýyl, gündizlerine +11...+13o-dan +21...+23o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4...+6o-dan +8...+10o aralygynda maýyl, gündizlerine +10...+12o-dan +20...+22o aralygynda maýyl bolar.

Nebitgazçylaryň waspçysy

Ýakynda ýazyjy Hojanepes Meläýew barada makala ýazmak üçin onuň maşgala ojagyna söhbetdeşlige bardyk. Hojanepes aganyň maşgalasy žurnalist Kümüş Meläýewa bilen gürrüňdeş bolduk. Ol diwardan asylgy duran portret halynyň öňüne geçip, ýanýoldaşy, ýazyjy Hojanepes Meläýew hakynda, ynha, şulary gürrüň berdi.

Nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda geçen 2021-nji ýylyň jemleri boýunça nebitgaz känlerini işläp geçmekde üç sany tema boýunça ylmy-barlag işleri nebitgaz ýataklaryny işläp geçmekligi seljerme hem-de ýataklary işläp geçmek meseleleri we taslamalaşdyryş laboratoriýalarynda alnyp baryldy. Laboratoriýalar tarapyndan känleri işläp geçmek, nebitli, gazly we gazkondensatly guýulary ulanmak boýunça maglumatlary ýygnamak, seljermek we işläp taýýarlamak, burawlamadan çykan guýularyň netijelerini seljermek, ýataklaryň burawlanmasyna operatiw üýtgeşmeleri girizmek, gatlak basyşy saklamak boýunça işleriň gidişini seljermek, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin teklipleri bermek, känlerde ulanylýan işläp geçmeklik boýunça usulyýetleri kämilleşdirmäge ugrukdyrylan barlaglary, nebitberijilik koeffisiýentleriň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny, tehnologik shemalary we synag ulanyş taslamalaryny düzmek, nebitgaz känlerini işläp geçmekligiň dinamiki modellerini gurmak boýunça ylmy-barlag işleri ýerine ýetirildi.

Bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Türkmenistanyň ähli çäklerinde ýylyň-ýylyna millionlarça düýp bag nahallary ekilýär. Bu, esasan, iki tapgyrda, ýagny ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerinde amala aşyrylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bag ekmek dabarasy toýlary toýa ulaşýan ýurdumyzda has hem giň gerime eýe boldy. Milli bahar baýramynyň özboluşly çäresi we asylly däbi bolan bag ekmek dabarasyna geçen dynç güni badalga berildi. Ekologiýa abadançylygy bilen bagly bu möhüm çäräniň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň çäginde geçirilen dabarasyna hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde ilkinji gezek bu asylly däbe badalga berendigini bellemek gerek. Daşky gurşawyň abadançylygyna bagyşlanan ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilen güni welaýatlarymyzda we Aşgabat şäherinde dürli agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdyldy.

Nebit çykarýan çuňluk nasoslary kämilleşdirilýär

Guýy önümini ýeriň üstüne çykarmakda ulanylýan mehaniki usulyň biri-de guýudaky önüme çümdürilip işledilýän tehniki görkezijisi kiçi bolan elektrik hereketlendirijili nasosdyr. Ýeriň üstünde oturdylan aşak-ýokaryk hereket edýän nebit çykaryjy nasosyň tehniki görkezijisi ýokary. Iki nasos birleşdirilende nähili bolar? Gozgalýan meseläni çözmekligiň üstünde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de onuň Balkanabat bölüminiň professor-mugallymlary düýpli işlediler we täze görnüşli nasosyň işleýşini subut edýän nusgany ýasadylar. Onuň daşky görnüşi suratda görkezilen. Bu nasos elektrik hereketlendiriji bilen işledilýär. Ol nasosy aşak-ýokaryk hereket etdirýän ýörite enjama birleşdirilen. Elektrik motory aýlanyp başlanda, bu enjam aşakda ýerleşen plunžerli nasosy aşak-ýokaryk hereketlendirip, guýynyň içindäki suwuklygy ýokary çykaryp başlaýar.

Gaz akdyryjylaryň zähmet gadamlary

Döwletabat — Derýalyk baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk» önümçilik edarasy «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biridir. Biz baş gaz geçirijiniň ugrundaky bu ilkinji önümçilik edarasynda bolup, onuň başlygynyň orunbasary Tirkiş Magtymow bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol:

Nebit we gaz pudagynda häzirki zaman ekologiýasy

Türkmenistanda senagat pudaklaryny iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak bilen birlikde daşky gurşawyň howpsuzlygynyň talaplaryna aýratyn üns berilýär. Nebiti gaýtadan işlemek pudagynda daşky gurşaw meselelerini çözmek bu ulgamlar üçin ýokary netijeli, az çykdajyly tehnologiýalary ösdürmegi we ornaşdyrmagy talap edýär. Nebiti, gazy öndürmekde we gaýtadan işlemekde daşky gurşaw meselelerini çözmekde degişli ugurlar ekologiýa taýdan arassa prosesleri ösdürmek we galyndylary aýyrmak, nebithimiýa pudaklaryndan gaz zyňyndylaryny arassalamak, suwlary nebit we nebit önümleriniň galyndylaryndan arassalamak we ş.m. seredeniňde, Türkmenistanyň nebitgaz toplumy diňe bir ykdysadyýetiň gurluşyny emele getirmän, eýsem, ösüşiniň ähli döwürlerinde esasy orny eýeleýär.

«Gelse Nowruz äleme...»

Halkara jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasy bolan ýurdumyzda Nowruz baýramynyň dabaralary uludan tutulýar. Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Şeýlelikde, Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan baýram hökmünde şatlyk-şowhun, aýdym-saz bilen giňden bellenilýär. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň mart aýynyň 21—27-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2...+40-dan +5...+70 aralygynda maýyl, gündizlerine +6...+80-dan +14...+160 aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +l...+30-dan +4...+60 aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+70-dan +13...+150 aralygynda maýyl bolar.

Gadymy we müdimi senet

Şöhratly geçmişi bolan halkymyz özüniň milli gymmatlyklarynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Mähriban Arkadagymyz: «Ile döwlet geler bolsa» atly eserinde halynyň, bedewiň we dutar sazynyň üç sany beýik gymmatlykdygyny, türkmen halkynyň egsilmez buýsanjynyň gözbaşy bolup durýandygyny belleýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň kalbynda milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini ösdürmek, çuňlaşdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň medeniýet ojaklarynda meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Halypa-şägirtlik däpleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

12-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary agzybirlikde geçdi

Ýakyn ýedi ýylyň dowamynda ata Watanymyzyň hem-de her birimiziň ykbaly bilen aýrylmaz bagly boljak mynasyp dalaşgäre öz seslerini bermek üçin saýlaw uçastoklaryna türkmenistanlylaryň millionlarçasy — dürli ýaşdaky adamlar, dürli milletleriň, hünärleriň wekilleri geldiler. Saýlawçylaryň hatarynda nebitgaz pudagynyň işgärleri bolup, olar öz konstitusion hukugyndan peýdalanmak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna agzybirlik bilen gatnaşdylar. Ýeri gelende bellesek, ýaşaýan ýerlerinden uzakda gatnaw usulynda zähmet çekýän nebitgaz pudagynyň işgärleriniň müňlerçesi şol gün iş ýerinde boldular we şonuň üçin mynasyp gören dalaşgärlerine möhletinden öň ses berdiler.

Aşgabatda OGT — 2022 halkara maýa goýum forumy geçiriler

29-30-njy martda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT-2022) halkara maýa goýum forumy geçiriler. Onuň esasy maksady Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar. Halkara forumy «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy we «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralar. Bu abraýly foruma Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň, milli we halkara guramalarynyň, Halkara energetika agentligi, Halkara gaz birleşigi, Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy, OPEK ýaly halkara maliýe institutlarynyň, «CNPC», «Lukoýl», «Socar», «Dragon Oil», «Petronas» ýaly öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, umumylykda bütin sebitiň nebitgaz pudagynyň geljegini kemala getiriji hünärmenler gatnaşarlar.

Abatlaýjylar — armazak adamlar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçýän her bir güni şanly üstünliklere, düýpli özgerişlere beslenýär. Önümçilik kärhanalarynyň işgärleri önüm öndürilişini artdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň okgunly ösüşine saldamly goşant goşmak ugrunda joşgunly zähmet çekýärler. Olaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleriniň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Munuň özi ýöne ýerden däldir. Baýlyk çykaryjylaryň yhlas bilen çekýän zähmetiniň netijesinde tebigy gazy öndürmekde belent sepgitler abraý bilen eýelenilýär. Bu babatda tamamlanan ýyl has şowly we rowaçly ýyllaryň biri boldy. Şonda tebigy gaz öndürmekde öňki ýyl bilen deňeşdirilende 144 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Uly üstünlikde müdirligiň guýulary ýerasty we düýpli bejeriji böleginiň başarjaň we ussat işgärleriniň mynasyp zähmet paýy bar. — Baýlyklar mekany Garagumuň gözýetmez giňişliklerinde ýerleşýän gaz känlerinde guýularyň önüm berijiligini artdyrmak, hereketsiz duran guýulary düýpli abatlamak işlerinde bölegiň işgärleri tutanýerlilik we maksada okgunlylyk görkezýärler. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde bellenilen tabşyryklar abraý bilen berjaý edilýär — diýip, müdirligiň geologiýa bölüminiň başlygy Berdi Kutlyýew guwanç bilen nygtaýar.

Ýokary hil — esasy görkeziji

Eziz Diýarymyzyň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alynýan «gara altyndyr» «mawy ýangyjyň» möçberlerini durnukly artdyrmak nebitgaz pudagynyň esasy wezipesi bolmagynda galýar. Şu belent wezipe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Bu maksatnamada tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek we durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli düzümleriniň tagallaly zähmetine baglydyr. Ýurdumyzyň nebitgaz ýataklarynyň onlarçasynda netijeli iş alyp barýan bu konserniň düzümine nebiti, gazy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmagy, gözleg-barlag we ulanyş maksatly guýulary burawlamagy, uglewodorodlary turbageçirijiler arkaly gaýtadan işleýjilerdir sarp edijilere ibermegi, gaz gysyjy desgalary gurmagy, olaryň öňden hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmagy, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmagy üpjün edýän onlarça kärhana girýär. Konserniň Balkanabat şäherindäki Abatlaýyş-mehaniki zawody hem şolaryň iň ähmiýetlileriniň hatarynda tanalýar. Aslynda, konserniň kadaly işini Abatlaýyş-mehaniki zawodynyň ýerine ýetirýän hyzmatlarynda

Garabil kaliý duzlarynyň ýatagy

Kaliý duzy — mineral serişdeleriň metal däl toparyna degişli. Ol kaliý dökünleriniň önümçiligi üçin himiýa senagatynda çig mal bolup hyzmat edýär. Bu ýeňil ereýän duz himiki gelip çykyşly çökündi dag jynslary bolup durýar. Olar suwda ýeňil ereýän kaliý we kaliý-magniý minerallary görnüşinde emele gelýär. Kaliý duzlarynyň ýataklary Türkmenistandan başga-da Kanadada, Russiýada, Belarusda, Germaniýada, Braziliýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ysraýylda we Iordaniýada bellidir. Bu ýurtlarda kaliý duzlarynyň baha berlen millionlarça tonna deň bolan gorlary bar.

Geologiýanyň esaslary

Ýurdumyzyň çäginiň geologiýasyny öwrenmek ugrunda alnyp barylýan işleri tizleşdirmek, mineral çig mal serişdeleriň, ilki bilen hem, ýangyç-energetika gorlaryň anyklanan sanyny artdyrmak, geljegine uly umyt baglanylýan çäklerde hem-de deňiz şelflerinde nebitiň we gazyň ýataklaryny ýüze çykarmak, ýerasty suwlaryň gözleg we barlag işlerini depginli alyp barmak geologiýanyň ilkinji meseleleriniň biri bolup durýar. Tebigy baýlyklary gazyp almaklygyň we olary sarp etmekligiň möçberiniň hemişe artýanlygy bilen baglylykda, gorlary rejeli özleşdirmek we peýdalanmak ýaly meseleleriň ähmiýeti hem örän wajyp bolup durýar. Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň känlerini özleşdirmek ugurda işleýän hünärmenlerden gazylyp alynýan magdanlaryň gözlegi we barlagy, mineralogiýa, petrografiýa, umumy we dinamiki geologiýa ýaly geologiýanyň esaslaryny düýpli bilmekligi talap edýän, ýagny olaryň dag-ekspluatasion işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan usulda alnyp barylmagy netijesinde bu meseleleriň çözgütlerini tapmak bolar.

Ders bäsleşikleriniň ýeňijileri sylaglandy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem uly işler alnyp barylýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda ders bäsleşikleriniň geçirilmegi anyk mysaldyr. Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde çäre geçirilip, onda dürli dersler boýunça ýokary netije gazanyp, degişli diplomlara eýe bolan talyplaryň ählisine we olara ýakyndan ýardam beren professor-mugallymlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Garagumuň baýlygy

Garagum sährasynyň tokaýlyklary köpdürlüligi we ýaşy boýunça biri-birinden tapawutlanyp, bir gektara agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň ortaça 300 — 600 düýbi düşýär. Bu tokaýlyklaryň esasy ösümligi bolsa sazakdyr. Pürli agaç bolan sazak görnüşi boýunça ak we gara sazaklara bölünýär. Ak sazagyň şahalary açyk we kiçi, gara sazagyňky bolsa ýogyn we uly bolýar. Sazagyň, esasan-da, ak sazagyň tokaýlyklary sähranyň çägeli ýerlerinde köp duş gelýär. Onuň boýy 2 — 3 metrden 5 metre çenli, köküniň uzynlygy bolsa 9 metre çenli ýetýär. Sazagyň düýbüni çäge basanda goşmaça kök ulgamynyň döremegi, gapdallygyna 7,5 metre çenli uzamagy onuň berdaşly bolmagynda, şeýle hem çägeleri berkitmekde, ýeliň ugruna göçmekden goramakda aýratyn ähmiýeti bardyr. Sazagyň, esasan-da, gara sazagyň ýerasty suwlara ýetýän güýçli kök ulgamynyň barlygy üçin ol suwsuzlykdan ejir çekmeýär. Gara sazak Garagum sährasynda, esasan, ýerasty suwlaryň ýakyn ýerleşen ýerlerinde, düzlüklerde ösýär. Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň esasy agajy bolan sazagyň gadymyýetden bäri halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bardyr.