Önümçilikde köp ýyllap zähmet çekendigim, şol sanda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Suw üpjünçilik müdirliginiň ýolbaşçysy bolup işländigim üçin welaýatymyzyň ilatly nokatlarynyň agyz suwy we nebitçileriň harajatlary üçin suw bilen üpjün edilişiniň taryhy maglumatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döräpdi.
Ir döwürlerde Türkmenistanyň günbatary iň gurak sebiti hasap edilipdir. Bu ýerlerde nebitgaz pudagynyň ösmegi bilen buraw işlerini alyp barmak, ýeriň astyndan alynýan «gara altyny» hil taýdan, ýokary derejeli haryt görnüşine getirmek, şeýle hem nebitçileriň ýaşaýan, işleýän ýerlerini hojalyk we agyz suwlary bilen üpjün etmek üçin gözleg işlerini geçirmeli bolupdyr. Şonuň üçin 1940-njy ýylda «Türkmennebit» trestiniň (häzirki «Türkmennebit» döwlet konserniniň) düzüminde suw üpjünçilik sehi döredilipdir.