Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi türkmen web-saýtlaryny döretmek hem-de olary ýöretmek boýunça bitewi tehniki talaplary işläp düzdi. Bu resminama Adalat ministrliginiň saýtynda neşir edildi.
Talaplar hormatly Prezidentimiziň ýurduň ähli edara-guramalarynyň öz web-saýtlaryny döretmek zerurlygy barada Kararyna laýyklykda işlenip taýýarlanylýan internet-sahypalaryň işine degişli meseleleri kadalaşdyrmak maksady bilen işlenip düzüldi.