Azyk bolçulygy — eşretli durmuşyň çeşmesi

17 Ýanwar 2022
1291

Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, azyk bolçulygyny has pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrýan tutumly işleri barha rowaçlanýar.

Oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin döwletimiz tarapyndan daýhanlara ähli amatly şertler döredilýär. Kärendeçi daýhanlar ýokary hilli tohum dökünleriniň dürli görnüşi, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.

Selim ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.