Mekgejöwen häzirki zaman oba hojalygynda örän wajyp ot-iýmlik ekinleriň biridir. Onuň dänesinde 4 — 8% ýag, 65 — 70% krahmal bar.
Bu ekiniň uly agrotehniki ähmiýeti bar. Ol köp ekinler üçin amatly öňüsyra ösümlik bolup hyzmat edýär. Mekgejöwen meýdanlaryň haşal otlardan arassalanmagyna, topragyň organiki maddalar bilen baýlaşmagyna ýardam edýär.