Baýlyk gory ýene-de artar

11 Ýanwar 2022
1024

Hormatly Prezidentimiziň geçen hepdede Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrmagy täze — bars ýylynyň şan-şöhrata beslenýän buýsandyryjy wakalarynyň başyny başlady. Döwlet Baştutanymyz taryhy saparlarynyň barşynda bu welaýatlardaky iri «Galkynyş» we «Malaý» gaz känlerinde bolup, degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän nebitgaz senagatyny okgunly ösdürmegiň meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmündäki ornuny barha berkidýär. Şeýle guwandyryjy ýagdaý ýurdumyzda diňe bir uglewodorod serişdeleriniň öndürilişiniň ýyl-ýyldan artdyrylýandygy, onuň ugradylýan ugurlarynyň köpeldilýändigi bilen däl, eýsem, gymmatly baýlygyň çig mal gorlarynyň üstüniň yzygiderli doldurylýandygy bilen hem şertlendirilendir. Bu babatda «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde umumy gorlary 27,4 trillion kubmetr hasaplanylýan «Galkynyş» gaz käni aýratyn orunda durýar. Hormatly Prezidentimiz bu käni tapgyrlaýyn özleşdirmek bilen birlikde täze ýataklary senagat taýdan işläp geçmek, tebigy gazyň gazylyp alnyşyny, gaýtadan işlenilişini artdyrmak, bu ýangyç bilen ýurdumyzyň sarp edijilerini ygtybarly üpjün etmek we onuň eksport edilýän möçberlerini köpeltmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi. Olara laýyklykda, «Malaý» gaz käninde tutumly işleriň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny bellemek ýerlikli bolar. Hormatly Prezidentimiz bu kände geçen ýylyň başynda, has takygy, 15-nji ýanwarda bolup, kuwwatly gaz gysyjy desganyň işine ak pata beripdi. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäginde gurlan, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryna giňden daýanýan häzirki zaman desgasynyň üstünlikli işe girizilmegi bilen, tebigy gazyň gazylyp alnyşy düýpli artdyrylýar. Muny geçen ýylda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligi boýunça tebigy gazyň 12,4 milliard kubmetrden gowragynyň öndürilip, ýyllyk meýilnamanyň 134 göterimden gowrak berjaý edilendigi hem aýdyň tassyklaýar. Gaz kondensatyny öndürmek baradaky meýilnama bolsa 110 göterime golaý berjaý edildi. Şonda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin gymmatly çig malyň 47,3 müň tonnadan gowragy öndürildi. «Malaýda» öndürilýän harytlyk önümiň aglaba bölegi bolsa baglaşylan döwletara şertnama laýyklykda dostlukly Hytaý Halk Respublikasyna akdyrylýar.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».