Nebitgaz senagatyny ösdürmeklige toplumlaýyn çemeleşilýär

17 Ýanwar 2022
1062

Türkmenistanda nebitgaz senagatynyň kuwwatyny has netijeli ulanmak, tebigy baýlyklaryň gorlaryny artdyrmak, uglewodorod çig malyndan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, gaýtadan işleýän ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmakda uly işler alnyp barylýar. Durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň ýokary depginini üpjün etmekde nebitgaz senagatynyň düzümlerini öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipedir. Şunda ekologiýa, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, «mawy ýangyjyň» eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde toplumyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak esasy şert bolup durýar. Bu babatda milli Liderimiz ýakynda Mary we Lebap welaýatlaryna bolan iş saparlarynyň dowamynda geçirilen maslahatlarda hem belläp geçdi. Täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, önümçiligiň depginini artdyrmak pudagyň ylmy işgärleriniň barlaglaryna köp babatda baglydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, «Malaý» gaz känini döwrebaplaşdyrmak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahat geçirdi.

Şöhrat AŞYROW,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri.