Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy diňe bir ýurdumyzda ýa-da Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, dünýäde nebit önümlerini gaýtadan işleýän iň iri kärhanalaryň hataryna girýär. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyndaky ilkinji mejlisinde bu ýerde nebit önümleriniň täze görnüşiniň — EURO-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, ekologik taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýan täze A-98 kysymly awtoulag benzininiň öndürilip başlanandygy hakyndaky hoş habar nebitgaz toplumynyň ähli önümçilik düzümlerinde uly ruhubelentlik joşgunyny döretmek bilen, çig nebiti gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny subut etdi.
Benziniň bu görnüşiniň dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilýän iň häzirki zaman awtoulaglarda ulanylyp, ekologiýa taýdan has arassalygy we tygşytlylygy bilen tapawutlanýandygyny bellemek gerek. Onuň hil görkezijilerini EURO-6 ekologik talaplaryna laýyk getirmek üçin zawodlar toplumynyň awtoulag benzinleriniň komponentlerini öndürýän desgalarynyň iş düzgünlerine üýtgetmeler girizildi we öndürilýän komponentleriň hil görkezijileri berk gözegçilikde saklanyldy. Barlaghana şertlerinde ýörite synaglar geçirilip, täze önümiň komponent düzümi kesgitlenildi. Ekologiýa taýdan arassa, täze etilirlenmedik A-98 kysymly awtoulag benzinini almak üçin ýörite saýlanan çig mal gaýtadan işlenilip, gerekli komponentler alyndy we bu awtoulag benzininiň 14,36 tonnasy taýýarlanyldy. Häzirki wagtda bu önümi nebit önümleriniň täze görnüşi hökmünde «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet reýesterine girizmek hem-de laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.