Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän Uzynada meýdançasynda iş saparynda bolmagy, şeýle hem gojaman Hazary ýakalap oturan Gögerendag obasynyň ýaşaýjylary bolan balykçy awçylar bilen deňziň kenarynda duşuşyp, hal-ahwal soraşmagy aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan ýardamy bilen ýurdumyzda uglewodorod baýlyklarynyň gözlegi soňky ýyllarda has güýçlendirildi. Sebitde heniz gazylmadyk çuňluklardan Uzynadada uglewodorod önüminiň alynmagy hem hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde amala aşyryldy.