Geçen penşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, sebitiň nebitgaz pudagynda häzirki ýagdaýy düýpli seljermek hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ösüşini kesgitlemek saparyň baş maksady boldy.
Günbatar sebit Türkmenistanyň energetika serişdeleriniň uly mukdarda jemlenen ýeri, nebit önümleriniň özboluşly gory bolup durýar, munuň özi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.