Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslary

24 Ýanwar 2022
752

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Ulag-kommunikasiýa pudagynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň dowamynda, ýuridik we fiziki şahslaryň isleglerini kanagatlandyrmakda awiasiýanyň işiniň, şeýle hem Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak we onuň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça beýleki işiň, goranmagyň we döwletiň bähbitlerini gorap saklamagyň, howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygynyň, awiasiýa hem-de ekologik howpsuzlygyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Howa kodeksi, demir ýol ulagynyň hereket etmeginiň we ösdürilmeginiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän hem-de onuň hereket etmegi bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, awtomobil ulagynyň işlemeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýän «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem-de Türkmenistanda ulag we ulag işini düzgünleşdirmek, dolandyrmak babatda döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýän «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, resmi taýdan çap edilen gününden güýje girizildi.

Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.