20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny içerki sarp edijilere we beýleki döwletlere ibermek bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şunuň bilen baglylykda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ýerleşýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasynda işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşdy.
Gurluşyk meýdançasynda milli Liderimiziň garamagyna ýurdumyzyň energoulgamynyň ösüşi, onuň düzümlerinde ýerine ýetirilýän işler we täze döredilýän kuwwatlyklar barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar, olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary hödürlenildi.