"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Kesp-käriniň hakyky ussatlary däbe öwrülen bäsleşigiň ýeňijileri boldular

Ýaş nesle zamanabap bilim-terbiýe bermekde, çagalaryň tebigy zehinini we ukyp-başarnyklaryny ösdürmekde baý tejribe toplan bilim işgärlerini ýüze çykarmak maksady bilen her ýyl güneşli Diýarymyzda «Ýylyň mugallymy» bäsleşigini geçirmeklik asylly däbe öwrüldi. Bu çäre biziň welaýatymyzda-da ýylyň-ýylyna ýokary guramaçylykly geçirilýär. Ynha, golaýda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň binýadynda guralan bäsleşigiň welaýat tapgyry hem ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralar bilen utgaşdy. Oňa bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlarynda öňe saýlanan göreldeli mugallymlaryň 11-si gatnaşdy. Bäsleşik, esasan, dört şertden ybarat tertipde geçirildi. Onuň birinji şertinde mugallymlar ýörite berkidilen synplarda öz okadýan dersleri boýunça okuw-tejribe sapaklaryny geçmekde özara bäsleşdiler. Şonuň ýaly-da sapaklary guramakda okuw-görkezme esbaplaryndan peýdalanyşlary dogrusynda gürrüň berdiler. Bäsleşige gatnaşyjylar öz kesp-kärine degişli berlen sowallara hem jogap berdiler. Adatça bolşy ýaly, ýokary taýýarlykly, ukyp-başarnykly bilim işgärlerine bäsleşikde öňe saýlanmak miýesser etdi. Eminler toparynyň çykaran çözgüdine laýyklykda Döwletli etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy Aziza Beşimowa hemmelerden öňe saýlanyp, bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Ol şeýle-de «Ýylyň mugallymy» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Okgunly ösüşde

Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly işler amala aşyrylýar, öňde goýlan beýik maksatlara, uly üstünliklere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim babatyndaky ösüşlerimiziň bitewi ulgamyny öz içine alýan düýpli özgertmeleri netijesinde eziz Watanymyz dünýäniň has çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna ynamly goşuldy. Ylmyň ösüşini tizleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň, innowasion tejribeleriň netijelerine daýanmak bilen, güneşli Diýarymyzy dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni, ylym giňişligindäki hem-de dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmak ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli künjegindäki bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaşlaryň aň-bilimini berkitmäge gönükdirilen milli maksatnamalar bilen birlikde dünýä ylmynyň gazananlary tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär. Mekdepleriň we çagalar baglarynyň häzirkizaman kompýuter tilsimatlary, şeýle hem interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bilimiň hiliniň kämil derejä göterilmegine getirdi. Multimediýa tehnologiýalary dürli görnüşdäki maglumatlary görkezmäge giň mümkinçilik berýär, sapagyň netijeli bolmagyny hem-de öz maksadyna ýetmegini üpjün edýär. Bu özgertmeleriň ylym-bilim ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagynda, amatly z

Ýagty geljege ak ýol

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda dürli pudaklarda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň parahat, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu gün halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren bagtyna guwanyp, erkana ýaşaýar. Elbetde, abadançylygyň, parahatçylygyň höküm sürýän ýerinde çagalaryň şadyýan gülki sesleri ýaňlanýar. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ajaýyp ýurdumyzda ýaşlaryň ähli amatlylyklary bolan, kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan çagalar baglarynda, mekdeplerde bilim-terbiýe almaklary olaryň bagtyýar geljegini üpjün edýär. Biziň çagalar bagymyzda hem terbiýeçiler özleriniň göreldeli zähmeti bilen ukyply, giň dünýägaraýyşly, başarjaň ýaşlary terbiýelemek babatda netijeli işleri amala aşyrýarlar. Körpeleriň ata-eneleri bilen yzygiderli geçirilýän duşuşyklar, wagyz-nesihat çäreleri bolsa bu ýerde ýola goýlan işleriň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär.

Sanly bilim — döwrüň talaby

Bagtyýar zamanamyzda ata Watanymyzyň egsilmez güýç-kuwwaty bolup durýan ýaş nesillerimize halkara hil ülňülerine laýyk gelýän bilim bermekde multimediýa tehnologiýalaryndan, internet ulgamyndan, kämil kompýuterlerden hem-de döwrebap okuw-görkezme esbaplaryndan netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» milli bilim ulgamynyň döwrebap ösmegini şertlendirýär. Çünki sanly bilim ulgamy elektron maglumatlar gorundan peýdalanmagy elýeterli edýär hem-de ulanyjynyň sarp edýän wagtyny ep-esli tygşytlaýar. Şeýle-de internet maglumatlar ulgamy boýunça daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmaga, uzak aralykdan olimpiadalardyr ders bäsleşiklerine, maslahatlara gatnaşmaga, okuw gollanmalarynyň, kitaplaryň elektron görnüşlerinden peýdalanmaga, bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge, okatmagyň usulyny kämilleşdirmäge hem-de öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmäge şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamynda badalga beren oýlanyşykly özgertmeleri esasynda bagtyýarlyk döwrümiziň ýaş nesillerine çuňňur bilim bermek, olaryň arassa ahlakly, ýokary başarnykly, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda yhlasly, döredijilikli zähmet çekmek biziň — bilim işgärleriniň borjudyr. 

Zehinliden zehinlisi bar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň hem-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň birleşen tagallasy bilen geçirilen bäsleşik «Zehinli ýaşlar — Watan buýsanjy» diýlip atlandyryldy. Oňa ady agzalan okuw mekdepleriniň 1-nji ýylynda okaýan talyplar gatnaşdylar. Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlarda jemgyýetimize, medeni we ruhy gymmatlyklarymyza, beýik şahsyýetlerimize, taryhymyza bolan söýgi-buýsanjy artdyrmagy hem-de olary Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna ygrarly, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, bilimli, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmegi wagyz etmek bäsleşigiň esasy maksady boldy. Bäsleşikde talyplar häzirki zaman türkmen jemgyýeti we jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Türkmenistanyň kanunçylygy, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary ugurlary boýunça güýç synanyşdylar, ýagny eminler topary tarapyndan düzülen test görnüşindäki soraglara kompýuter arkaly jogap berdiler.

Arkadagly ýurduň bagtly ýaşlary

«Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir. Men merdana halkymyzyň watansöýüjilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän nesilleri terbiýelemegi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň örän zerur şertleriniň biri hasaplaýaryn» diýip nygtaýan milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ýaş nesil baradaky alada ileri tutulýar. Ýaşlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde, dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, ylym öwrenmegini, hünär edinmegini, kämil ýol-ýörelgelerimize laýyk edepli, terbiýeli, ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmakda zerur bolan ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. «Bilim hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» munuň subutnamalarydyr. Ýurdumyzyň ýaş nesillerine Watanymyzyň, halkymyzyň geljekki ykbaly ynanylýar. Olar döwletimiziň özleri hakynda edýän işlerinden ruhlanyp, öňde goýlan maksada ýetmekde ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Bagtyýar ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşmakda bitirýän işleriniň netijelerini ykdysady, syýasy, medeni ugurlarda gazanylýan üstünliklerde, ýetilýän belent sepgitlerde aýdyň görmek bolýar. Şonuň üçinem ýaşlarymyz berkarar Watanymyzyň daýanjy hem kuwwaty hasaplanylýar. &nb

Ylym-bilim — bagtyýar geljegimiziň gözbaşy

Ertirki günümiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda bimöçber aladalar edilýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek bilen baglanyşykly kabul edilen birnäçe kanunlardyr kadalaşdyryjy-hukuk namalary oňyn netijeleri berýär. Hususan-da, Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ata Watanymyzyň bu ulgamlarda gazanan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Ylmyň we tehnologiýanyň döwrebaplaşdyrylmagy, öz gezeginde, ýurdumyzda ählitaraplaýyn ösüşi üpjün etmegiň wajyp şertleriniň biridir. Bu ugurda ýaşlara bilim bermek işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, ylmy-tehniki ösüşi üpjün etmekde täze tehnologiýalara we halkara tejribesine esaslanmak, döwrebap usulyýetleri özleşdirmek arkaly milli aýratynlyklarymyz bilen dünýäniň gazananlaryny utgaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Şolardan ugur alnyp, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalary boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.

Watan goragynda mergenlik sungaty

Watan — gör, nähili mukaddes, belent heňde buýsanç bilen aýdylýan söz! Watan — il-günüň maddy we ruhy gymmatlyklary, ar-namysy, göbek ganynyň daman ýeri hakyndaky giň, çuňňur manyly mukaddes düşünje. Watan — her bir ynsan üçin iň beýik mukaddeslik. Çünki ol biziň dünýä inen, gözümizi açyp gören, howasyndan dem alan, goýnunda dil bitiren, üstünde şat çagalygymyzy geçiren ene topragymyz. Bu mukaddesligi goramak bolsa uly buýsanç, belent mertebedir. Häzirki wagtda mukaddes Watanymyz, oňa wepaly, ynam-ygrarly perzentler tarapyndan mäkäm goralýar.

Harby okuwçylaryň üstünlikleri

Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň arasynda her ýyl geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň 2020 — 2021-nji okuw ýylynda 10-njy, 11-nji synplaryň arasynda nobatdaky welaýat tapgyry geçirildi. Welaýatyň dürli okuw mekdepleriniň zehinli okuwçylary dersler boýunça geçirilýän bäsleşiklere uly höwes bilen gatnaşdylar. Bu bäsleşikde welaýatyň dürli künjeklerinden gelen okuwçylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini doly derejede görkezmegi başardylar. Bäsleşik iki tapgyrdan bolup, onda okuwçylar öz saýlap alan dersleri boýunça dürli sowallara jogap berdiler. Örän çekeleşikli geçen bäsleşikde emin agzalarynyň adalatly baha bermekleri netijesinde, hut biziň, ýagny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň 11-nji synp harby okuwçysy Allaýar Serdarow fizika dersi boýunça 2-nji orna, şeýle-de 10-njy synp harby okuwçylary Şamuhammet Baýjanow taryh dersi boýunça, Lawrenty Gasparýan rus dili dersi boýunça höweslendiriji baýraklara mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan derejeli diplomlar we Minnetdarlyk hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Biz harby okuwçylarymyza bäsleşigiň döwlet tapgyrynda hem uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Dil öwrenmek — kämillik we rowaçlyk

Arkadagly Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ene dilimizi çuňňur bilýän ýaşlar dünýä dilleri bolan iňlis, rus, ýapon, hytaý dillerini hem öwrenýärler. Pähimdar pederlerimiz hem «Dil bilen-dünýäni gezer», «Dil bilen — dana» ýaly nakyllary döredip, dürli dillerde ýazylan dürdäne paýhaslardan many çykarmagy ündäpdirler. Dünýäniň dürli ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylýan bagtyýarlyk döwründe ylmyň we tehnikanyň täze gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy döwlet dilini hem-de daşary ýurt dillerini kämil bilýän nesliň kemala gelmegini talap edýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki ösen jemgyýetimizde ähli kärdäki hünärmenleriň dil taýýarlygynyň zerurdygyny nygtaýar. Şoňa laýyklykda ýaş nesle daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek Gahryman Arkadagymyzyň dil taglymatynyň aýrylmaz bir bölegini düzýär.

Watansöýüjilik ruhunda

Ýaş nesilleri ata Watana, ene topraga söýgi ruhunda terbiýelemek pederlerimizden nusga bolup galan milli ýörelgelerimiziň özenini düzýär. Megerem, her bir ynsan üçin bu mukaddesliklerden eziz zat ýokdur. Göbek ganymyz daman Watanymyz barada söz açylanda: Türkmen munda kowçum-kowçum il bolup,Asyrdan asyra barýar ýaşaryp!

Zehinlileriň orny törde

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň tebigy zehin-başarnygyny doly ýüze çykarmak, ösdürmek we olaryň ylym-bilime höwesini artdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Muňa mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän taslama-döredijilik bäsleşikleri-de aýdyň mysaldyr. Ine, şolaryň biri-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan şu ýylyň 15-16-njy martynda geçirilen, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäklerinde guralan ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyrydyr. Bu bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň okuwçylaryň tebigy zehin-başarnygyny ösdürmek, häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk döredijilikli pikirlenýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky talaplaryny berjaý etmekden, olary hünäre ugrukdyrmak hem-de okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanýan zehinleri ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybarat boldy. Elbetde, zehinli okuwçylaryň ylmy-döredijilik taslama işlerinde milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamynda öňde goýýan wezipeleridir bildirýän talaplary, döwrebap ösüşiň ugurlary özboluşly beýanyny tapýar.

Ylymly ýaşlar — watan daýanjy

Ýurdumyzda watansöýüji, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ahlak ýörelgelerine wepaly ýaş nesilleri kemala getirmek baş wezipeleriň biridir. HormatlyPrezidentimiziň taýsyz tagallalary, döredijilikli syýasaty bilen bu ugurda asyrlara barabar işler amala aşyrylyp, ýurdumyzyň bilim, ylym pudagy dünýäniň bilim giňişliginde özüniň mynasyp ornuny tapdy. Ýurdumyzda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýaşlaryň okamagy, terbiýe almagy, beden, ruhy taýdan ösmegi bilen bir hatarda, kesp-kär edinmegi, maşgala gurmaklary, ylymlar dünýäsine aralaşmaklary, telekeçilik bilen meşgullanmaklary, iş bilen üpjünçiligi bellenilýär. Döwlet derejesinde şeýle uly üns berlip, olaryň her biriniň alada bilen gurşalmagy ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyza, Berkarar döwletimize, abadan, asuda ýurdumyza bolan buýsanç, guwanç duýgularyny goşalandyrýar. Olaryň hormatly Prezidentimiziň, mähriban Watanymyzyň, agzybir ilimiziň öňündäki perzentlik borçlaryna wepalylyk duýgularyny artdyrýar. Döwletimizde ýaşlaryň jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapmagy olaryň ylymly-bilimli bolmaklary bilen baglanyşdyrylýar. Hut şonuň üçin-de ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bilim alyp, ussat hünärmenler, il-güne gerekli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär.

Altyn asyryň altyn zehinleri

Bäherden etrabynda 7-8-nji synp okuwçylaryň arasynda yglan edilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa etrapdaky ähli mekdeplerden gelen okuwçy ýaşlar gatnaşyp, zehin-başarnygyny görkezmäge mümkinçilik aldylar. Okuwçy ýaşlar bäsleşige dersleriň onusy boýunça gatnaşdylar. Bäsleşik türkmen dili, iňlis dili, rus dili dersleri boýunça etrapdaky 30-njy orta mekdepde, taryh, himiýa, biologiýa dersleri boýunça 28-nji orta mekdepde, matematika, fizika, informatika, geografiýa dersleri boýunça 1-nji orta mekdepde geçirildi. Mekdepleriň döwrebap enjamlar we görkezme esbaplary bilen doly derejede üpjün edilen ýagty otaglary bäsleşigiň ýokary derejede geçmegini üpjün etdi.

Sanly bilim ulgamy giň mümkinçilikleri açýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, bedenterbiýe hem-de sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň, zähmetsöýerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim we ylym, edep-ekram düşünjeleri ynsanyň iň gowy gylyk-häsiýetlerini, belent adamkärçiligini, ahlak sypatlaryny özünde jemleýär. Olar jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň görnüşini kesgitleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bilim ulgamy düýpli kämilleşdirilýär, okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslary, wezipeleri, görnüşleri, usullary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Maşgalanyň, bilim ojaklarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň özara sazlaşykly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Körpeler bilen utgaşdyrylan sapaklary guramak

Mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnaýan çagalaryň beden, akyl, ahlak, ruhy taýdan sagdyn we kämil bolmagy üçin terbiýeçi işini gün tertibi esasynda guramaçylykly alyp barmalydyr. Bu ýerde çaganyň ene-atadan soňky hossary terbiýeçi bolup durýar. Ol ilki bilen çagany özüne öwrenişdirmelidir. Munuň üçin onuň ugurtapyjylygy, çaganyň ünsüni gyzykly zatlara sowup bilmegi gerek. Irki ýaşdaky çagalara berilýän terbiýäniň esasylarynyň biri hem beden terbiýesidir. Ilki bilen çaganyň saglygy barada alada etmeli. Beden terbiýesini dogry ýola goýmak üçin çaganyň gün tertibini ylmy taýdan kadaly guramaly we alyp barmaly. Körpäniň iýmiti bilen baglanyşykly ýagdaýlar bolsa, onuň ýaş aýratynlygyna gabat gelmelidir. Olar çagalar bagynda hem ukusyny wagtly-wagtynda almalydyr. Ol gowy ukusyny alsa, açyk howada gezelenç etse nahary hem işdämen iýýär. Körpäniň çagalar bagyndaky gün tertibi bilen maşgaladaky gün tertibi berk baglanyşyklydyr. Çaganyň ata-enesinden onuň öýdäki ýagdaýlary bilen terbiýeçi gyzyklanyp durmaly. Irki ýaşdaky çaganyň beden terbiýesiniň dogry guralmagy olaryň akyl taýdan kämil ýetişmegine ýardam edýär.

Nusgawy kitaplaryň çaga terbiýesindäki orny

Häzirki döwürde ýurdumyzda bilim ulgamyny täze kitaplar bilen üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär. Kitap ynsan ömrüne many çaýýar, adamzadyň dünýä sygmaýan paýhasyny kiçijik dörtburçluga salyp elimize berýär. Hormatly Prezidentimiz: «Kitap ahlak, edep medeniýetinde iň ýokary derejeli kämillik mekdebi bolup, ýaşaýşa aň ýetirişiň dury akabasydyr, irki eýýamlardan başlap, ýaşaýan döwrüne çenli döredilen ähli pelsepeleriň we beýik taglymatlaryň özenini özüne siňdirendigi sebäpli dürli ýaşdaky we hünärdäki adamlary öz daşyna jemlemek güýjüne eýedir. Kitap okap, hakykata göz ýetirmek, pähimli pikirlere uýmak ähli ynsanlary birleşdirýär» diýip belleýär. Pähim-paýhasy özünde jemleýän ajaýyp kitaplar bu günki gün ruhy hazynamyza öwrülip, her bir ynsanyň durmuşyna gözellik nuruny çaýýar. Has dogrusy, kalbyňda ylham joşguny şineläp başlaýar. Şeýle-de kitaplarda geçmişiň beýany, şu günüň şuglasy, geljegiň ýagty daňy öz beýanyny tapýar. Dünýä akyldarlary kitap barada ajaýyp jümleleri miras galdyrypdyrlar. Hawa, kitap gözýetimiňi giňeldýär, durmuşda dogry ýoly salgy berýär. Kitap — özüňe ynam etmegiň çeşmesi. Şonuň üçin-de adamlar kitabyň gadyryny bilip, ony özlerine ýakyn dost tutunýarlar. Kitap okamak uly bagtdyr. Kitap teşneligiňi gandyrýan bilimleriň çeşmesidir.

Hytaý dilinde terjimäniň aýratynlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan dünýä dillerini öwretmek işi özüniň iň nusgawy ugurlaryny kemala getirýär. Dil öwrenmegiň esasy açarlarynyň biri hem terjimedir. Dil öwrenilip başlanylandan, eýýäm öwreniji terjime etmäge girişip başlaýar. Terjime diňe bir dil öwrenijiniň sözlük baýlygynyň artmagyna däl, eýsem, öwrenýän diliniň ýurdunyň medeniýetini, sungatyny, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny öwrenip, dünýägaraýyşlarynyň has-da giňemegine ýardam berýär. Terjimede islendik diliň özüne mahsus bolan birnäçe aýratynlyklary bolýar. Şunda esasy faktorlaryň biri hem onuň manysynyň anyk hem dogry bolmagy, ýagny takyklygy örän wajypdyr. Şol sebäpli, terjime edilende diliň özüne mahsus bolan dürli grammatiki, semantiki, leksiki aýratynlyklaryny, olaryň arasyndaky arabaglanyşygy tapawutlandyryp, okyja dogry manyly terjime bermek zerurdyr. Ösen ýurtlaryň biri bolan Hytaýda hem terjimeçilik işi öz köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Terjimeçilik işiniň üç müňýyllyk taryhy bar. Bu bolsa Hytaýyň milli medeniýetiniň ösmeginiň esasy guraly bolupdyr. Has irki döwürlerde hem Hytaýda terjimeçilik käriniň bolandygy barada subutnama getirýärler.

Kuwwatly Watanyň daýanjy

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylym-bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegi buýsanjymyzy artdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeginde ylym-bilim maksatly binalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Şol ajaýyp binalaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Döwrebap bilim ojaklarynda ýaş nesilleri ylymly-bilimli, işbaşarjaň, maksada okgunly, kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, netijeli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Biziň baş maksadymyz ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekden, olaryň bilim derejesiniň dünýä ülňülerine laýyk gelmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ylymly-bilimli bolmak diýen düşünje juda köp zady özünde jemleýär. Başlangyç synplarda çagalaryň sözleýiş, okamak endiklerini ösdürmek aýratyn ähmiýete eýedir. Mugallym çagalaryň diňe bir okap bilşine däl-de, okaýan zatlaryny pikir eleginden geçirip bilşine hem üns bermelidir. Çaga bu iki tilsimi deň derejede özleşdireninde, okuw doly manysynda öz maksadyna ýetýär. Başlangyç synplarda innowasion tehnologiýalaryň, hormatly Prezidentimiz tarapyndan sowgat berlen şahsy kompýuterleriň talabalaýyk ulanylmagy okuw-terbiýeçilik işiniň döwrüň talaplaryna laýyk alnyp barylmagyna ýardam edýär. Ýaş nesle döwrebap derejede bilim bermegimiz, sowat öwretmegimiz üçin ähli şertler

Beýik bagtyň waspy çagalaryň ýüreginde

Berkarar Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzyň çagalar sungat mekdepleriniň arasynda hem täsirli bäsleşikleriň birnäçesi meýilleşdirildi. Olara mekdebimiziň mugallymlarydyr okuwçylary hem şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Bu bäsleşiklere niýetlenip döredilýän we ýerine ýetirilýän täze sungat eserleri şol bir wagtyň özünde biziň mekdebimiziň şanly toýumyza sowgadyna öwrüler. Häzirki wagtda mekdebimizde welaýat medeniýet müdirligi we welaýat ýörite sungat mekdebi tarapyndan yglan edilen bäsleşikleriň 8-sine taýýarlyk görülýär. Bu bäsleşikler mekdebiň mugallymlaryny we okuwçylaryny «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda has jogapkärli işlemäge ruhlandyrýar.