Beýik bagtyň waspy çagalaryň ýüreginde

15 Mart 2021
1075

Berkarar Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzyň çagalar sungat mekdepleriniň arasynda hem täsirli bäsleşikleriň birnäçesi meýilleşdirildi. Olara mekdebimiziň mugallymlarydyr okuwçylary hem şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Bu bäsleşiklere niýetlenip döredilýän we ýerine ýetirilýän täze sungat eserleri şol bir wagtyň özünde biziň mekdebimiziň şanly toýumyza sowgadyna öwrüler.

Häzirki wagtda mekdebimizde welaýat medeniýet müdirligi we welaýat ýörite sungat mekdebi tarapyndan yglan edilen bäsleşikleriň 8-sine taýýarlyk görülýär. Bu bäsleşikler mekdebiň mugallymlaryny we okuwçylaryny «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda has jogapkärli işlemäge ruhlandyrýar.

Zöhre UMAROWA,
Kerki etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.