Arkadagly ýurduň bagtly ýaşlary

17 Mart 2021
1344

«Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir. Men merdana halkymyzyň watansöýüjilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän nesilleri terbiýelemegi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň örän zerur şertleriniň biri hasaplaýaryn» diýip nygtaýan milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ýaş nesil baradaky alada ileri tutulýar. Ýaşlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde, dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, ylym öwrenmegini, hünär edinmegini, kämil ýol-ýörelgelerimize laýyk edepli, terbiýeli, ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmakda zerur bolan ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. «Bilim hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» munuň subutnamalarydyr.

Ýurdumyzyň ýaş nesillerine Watanymyzyň, halkymyzyň geljekki ykbaly ynanylýar. Olar döwletimiziň özleri hakynda edýän işlerinden ruhlanyp, öňde goýlan maksada ýetmekde ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Bagtyýar ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşmakda bitirýän işleriniň netijelerini ykdysady, syýasy, medeni ugurlarda gazanylýan üstünliklerde, ýetilýän belent sepgitlerde aýdyň görmek bolýar. Şonuň üçinem ýaşlarymyz berkarar Watanymyzyň daýanjy hem kuwwaty hasaplanylýar.  

Aýgül MÄTIÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.