Zehinlileriň orny törde

17 Mart 2021
1586

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň tebigy zehin-başarnygyny doly ýüze çykarmak, ösdürmek we olaryň ylym-bilime höwesini artdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Muňa mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän taslama-döredijilik bäsleşikleri-de aýdyň mysaldyr. Ine, şolaryň biri-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan şu ýylyň 15-16-njy martynda geçirilen, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäklerinde guralan ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyrydyr.

Bu bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň okuwçylaryň tebigy zehin-başarnygyny ösdürmek, häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk döredijilikli pikirlenýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky talaplaryny berjaý etmekden, olary hünäre ugrukdyrmak hem-de okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanýan zehinleri ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybarat boldy. Elbetde, zehinli okuwçylaryň ylmy-döredijilik taslama işlerinde milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamynda öňde goýýan wezipeleridir bildirýän talaplary, döwrebap ösüşiň ugurlary özboluşly beýanyny tapýar.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».