Zehinliden zehinlisi bar

17 Mart 2021
1401

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň hem-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň birleşen tagallasy bilen geçirilen bäsleşik «Zehinli ýaşlar — Watan buýsanjy» diýlip atlandyryldy. Oňa ady agzalan okuw mekdepleriniň 1-nji ýylynda okaýan talyplar gatnaşdylar. Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlarda jemgyýetimize, medeni we ruhy gymmatlyklarymyza, beýik şahsyýetlerimize, taryhymyza bolan söýgi-buýsanjy artdyrmagy hem-de olary Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna ygrarly, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, bilimli, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmegi wagyz etmek bäsleşigiň esasy maksady boldy.

Bäsleşikde talyplar häzirki zaman türkmen jemgyýeti we jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Türkmenistanyň kanunçylygy, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary ugurlary boýunça güýç synanyşdylar, ýagny eminler topary tarapyndan düzülen test görnüşindäki soraglara kompýuter arkaly jogap berdiler.

Ejeş GUWANJOWA.