Harby okuwçylaryň üstünlikleri

17 Mart 2021
1231

Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň arasynda her ýyl geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň 2020 — 2021-nji okuw ýylynda 10-njy, 11-nji synplaryň arasynda nobatdaky welaýat tapgyry geçirildi. Welaýatyň dürli okuw mekdepleriniň zehinli okuwçylary dersler boýunça geçirilýän bäsleşiklere uly höwes bilen gatnaşdylar. Bu bäsleşikde welaýatyň dürli künjeklerinden gelen okuwçylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini doly derejede görkezmegi başardylar. Bäsleşik iki tapgyrdan bolup, onda okuwçylar öz saýlap alan dersleri boýunça dürli sowallara jogap berdiler. Örän çekeleşikli geçen bäsleşikde emin agzalarynyň adalatly baha bermekleri netijesinde, hut biziň, ýagny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň 11-nji synp harby okuwçysy Allaýar Serdarow fizika dersi boýunça 2-nji orna, şeýle-de 10-njy synp harby okuwçylary Şamuhammet Baýjanow taryh dersi boýunça, Lawrenty Gasparýan rus dili dersi boýunça höweslendiriji baýraklara mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan derejeli diplomlar we Minnetdarlyk hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Biz harby okuwçylarymyza bäsleşigiň döwlet tapgyrynda hem uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Maýagözel ANNAGYLYJOWA,
TGM-niň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň mugallymy.