Nusgawy kitaplaryň çaga terbiýesindäki orny

16 Mart 2021
1261

Häzirki döwürde ýurdumyzda bilim ulgamyny täze kitaplar bilen üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär. Kitap ynsan ömrüne many çaýýar, adamzadyň dünýä sygmaýan paýhasyny kiçijik dörtburçluga salyp elimize berýär. Hormatly Prezidentimiz: «Kitap ahlak, edep medeniýetinde iň ýokary derejeli kämillik mekdebi bolup, ýaşaýşa aň ýetirişiň dury akabasydyr, irki eýýamlardan başlap, ýaşaýan döwrüne çenli döredilen ähli pelsepeleriň we beýik taglymatlaryň özenini özüne siňdirendigi sebäpli dürli ýaşdaky we hünärdäki adamlary öz daşyna jemlemek güýjüne eýedir. Kitap okap, hakykata göz ýetirmek, pähimli pikirlere uýmak ähli ynsanlary birleşdirýär» diýip belleýär.

Pähim-paýhasy özünde jemleýän ajaýyp kitaplar bu günki gün ruhy hazynamyza öwrülip, her bir ynsanyň durmuşyna gözellik nuruny çaýýar. Has dogrusy, kalbyňda ylham joşguny şineläp başlaýar. Şeýle-de kitaplarda geçmişiň beýany, şu günüň şuglasy, geljegiň ýagty daňy öz beýanyny tapýar. Dünýä akyldarlary kitap barada ajaýyp jümleleri miras galdyrypdyrlar. Hawa, kitap gözýetimiňi giňeldýär, durmuşda dogry ýoly salgy berýär. Kitap — özüňe ynam etmegiň çeşmesi. Şonuň üçin-de adamlar kitabyň gadyryny bilip, ony özlerine ýakyn dost tutunýarlar. Kitap okamak uly bagtdyr. Kitap teşneligiňi gandyrýan bilimleriň çeşmesidir.

Laçyn HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy.