Okgunly ösüşde

17 Mart 2021
1181

Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly işler amala aşyrylýar, öňde goýlan beýik maksatlara, uly üstünliklere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim babatyndaky ösüşlerimiziň bitewi ulgamyny öz içine alýan düýpli özgertmeleri netijesinde eziz Watanymyz dünýäniň has çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna ynamly goşuldy. Ylmyň ösüşini tizleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň, innowasion tejribeleriň netijelerine daýanmak bilen, güneşli Diýarymyzy dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni, ylym giňişligindäki hem-de dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmak ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli künjegindäki bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaşlaryň aň-bilimini berkitmäge gönükdirilen milli maksatnamalar bilen birlikde dünýä ylmynyň gazananlary tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär. Mekdepleriň we çagalar baglarynyň häzirkizaman kompýuter tilsimatlary, şeýle hem interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bilimiň hiliniň kämil derejä göterilmegine getirdi. Multimediýa tehnologiýalary dürli görnüşdäki maglumatlary görkezmäge giň mümkinçilik berýär, sapagyň netijeli bolmagyny hem-de öz maksadyna ýetmegini üpjün edýär. Bu özgertmeleriň ylym-bilim ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagynda, amatly zähmet hem-de iş şertleriniň döredilmeginde, çuň gözýetimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmeginde ähmiýeti ägirt uludyr.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi ýokary depginler bilen ösdürmäge ýardam bermekde, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, agzybirligimizi we jebisligimizi berkitmekde bilim-terbiýeçilik işgärleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň hyzmatyna ýokary baha berip, olaryň netijeli zähmetine, döredijilik üstünliklerine ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekdäki ajaýyp mümkinçilikler hökmünde garaýar. Şuňa laýyklykda biz döwrebap işlemek üçin döredilen ähli mümkinçilikleri öz içine alýan mekdebimizde ýaşlara berilýän bilimiň binýadynyň berk bolmagy ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Ýaşlaryň bagtyýar geljegi, bilim-terbiýeçilik işgärleriniň iş we ýaşaýyş-durmuş şertleri barada edýän yzygiderli aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Rejepgül MÄMETDURDYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.