Kesp-käriniň hakyky ussatlary däbe öwrülen bäsleşigiň ýeňijileri boldular

17 Mart 2021
1489

Ýaş nesle zamanabap bilim-terbiýe bermekde, çagalaryň tebigy zehinini we ukyp-başarnyklaryny ösdürmekde baý tejribe toplan bilim işgärlerini ýüze çykarmak maksady bilen her ýyl güneşli Diýarymyzda «Ýylyň mugallymy» bäsleşigini geçirmeklik asylly däbe öwrüldi. Bu çäre biziň welaýatymyzda-da ýylyň-ýylyna ýokary guramaçylykly geçirilýär. Ynha, golaýda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň binýadynda guralan bäsleşigiň welaýat tapgyry hem ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralar bilen utgaşdy. Oňa bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlarynda öňe saýlanan göreldeli mugallymlaryň 11-si gatnaşdy.

Bäsleşik, esasan, dört şertden ybarat tertipde geçirildi. Onuň birinji şertinde mugallymlar ýörite berkidilen synplarda öz okadýan dersleri boýunça okuw-tejribe sapaklaryny geçmekde özara bäsleşdiler. Şonuň ýaly-da sapaklary guramakda okuw-görkezme esbaplaryndan peýdalanyşlary dogrusynda gürrüň berdiler. Bäsleşige gatnaşyjylar öz kesp-kärine degişli berlen sowallara hem jogap berdiler. Adatça bolşy ýaly, ýokary taýýarlykly, ukyp-başarnykly bilim işgärlerine bäsleşikde öňe saýlanmak miýesser etdi. Eminler toparynyň çykaran çözgüdine laýyklykda Döwletli etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy Aziza Beşimowa hemmelerden öňe saýlanyp, bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Ol şeýle-de «Ýylyň mugallymy» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle-de Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy Jennet Ilmyradowa we Halaç etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy Şageldi Ýabanow ikinji, Kerki etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulkeýik Taňrykulyýewa, Çärjew etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Çynar Osmankulyýewa, Farap etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy Rozyhal Şükürowa dagy üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Myrat TAGAN ogly.