Kuwwatly Watanyň daýanjy

15 Mart 2021
1152

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylym-bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegi buýsanjymyzy artdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeginde ylym-bilim maksatly binalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Şol ajaýyp binalaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Döwrebap bilim ojaklarynda ýaş nesilleri ylymly-bilimli, işbaşarjaň, maksada okgunly, kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, netijeli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.

Biziň baş maksadymyz ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekden, olaryň bilim derejesiniň dünýä ülňülerine laýyk gelmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ylymly-bilimli bolmak diýen düşünje juda köp zady özünde jemleýär. Başlangyç synplarda çagalaryň sözleýiş, okamak endiklerini ösdürmek aýratyn ähmiýete eýedir. Mugallym çagalaryň diňe bir okap bilşine däl-de, okaýan zatlaryny pikir eleginden geçirip bilşine hem üns bermelidir. Çaga bu iki tilsimi deň derejede özleşdireninde, okuw doly manysynda öz maksadyna ýetýär. Başlangyç synplarda innowasion tehnologiýalaryň, hormatly Prezidentimiz tarapyndan sowgat berlen şahsy kompýuterleriň talabalaýyk ulanylmagy okuw-terbiýeçilik işiniň döwrüň talaplaryna laýyk alnyp barylmagyna ýardam edýär. Ýaş nesle döwrebap derejede bilim bermegimiz, sowat öwretmegimiz üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!

Aýtäç GURBANDURDYÝEWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.