Watan goragynda mergenlik sungaty

17 Mart 2021
1052

Watan — gör, nähili mukaddes, belent heňde buýsanç bilen aýdylýan söz!

Watan — il-günüň maddy we ruhy gymmatlyklary, ar-namysy, göbek ganynyň daman ýeri hakyndaky giň, çuňňur manyly mukaddes düşünje. Watan — her bir ynsan üçin iň beýik mukaddeslik. Çünki ol biziň dünýä inen, gözümizi açyp gören, howasyndan dem alan, goýnunda dil bitiren, üstünde şat çagalygymyzy geçiren ene topragymyz. Bu mukaddesligi goramak bolsa uly buýsanç, belent mertebedir. Häzirki wagtda mukaddes Watanymyz, oňa wepaly, ynam-ygrarly perzentler tarapyndan mäkäm goralýar.

Agamyrat MEREDOW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň mugallymy, maýor.