Ylym-bilim — bagtyýar geljegimiziň gözbaşy

17 Mart 2021
1398

Ertirki günümiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda bimöçber aladalar edilýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek bilen baglanyşykly kabul edilen birnäçe kanunlardyr kadalaşdyryjy-hukuk namalary oňyn netijeleri berýär.

Hususan-da, Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ata Watanymyzyň bu ulgamlarda gazanan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Ylmyň we tehnologiýanyň döwrebaplaşdyrylmagy, öz gezeginde, ýurdumyzda ählitaraplaýyn ösüşi üpjün etmegiň wajyp şertleriniň biridir. Bu ugurda ýaşlara bilim bermek işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, ylmy-tehniki ösüşi üpjün etmekde täze tehnologiýalara we halkara tejribesine esaslanmak, döwrebap usulyýetleri özleşdirmek arkaly milli aýratynlyklarymyz bilen dünýäniň gazananlaryny utgaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Şolardan ugur alnyp, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalary boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.

Güljahan ORAZGULYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.