Sanly bilim — döwrüň talaby

17 Mart 2021
1058

Bagtyýar zamanamyzda ata Watanymyzyň egsilmez güýç-kuwwaty bolup durýan ýaş nesillerimize halkara hil ülňülerine laýyk gelýän bilim bermekde multimediýa tehnologiýalaryndan, internet ulgamyndan, kämil kompýuterlerden hem-de döwrebap okuw-görkezme esbaplaryndan netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» milli bilim ulgamynyň döwrebap ösmegini şertlendirýär. Çünki sanly bilim ulgamy elektron maglumatlar gorundan peýdalanmagy elýeterli edýär hem-de ulanyjynyň sarp edýän wagtyny ep-esli tygşytlaýar. Şeýle-de internet maglumatlar ulgamy boýunça daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmaga, uzak aralykdan olimpiadalardyr ders bäsleşiklerine, maslahatlara gatnaşmaga, okuw gollanmalarynyň, kitaplaryň elektron görnüşlerinden peýdalanmaga, bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge, okatmagyň usulyny kämilleşdirmäge hem-de öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmäge şert döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamynda badalga beren oýlanyşykly özgertmeleri esasynda bagtyýarlyk döwrümiziň ýaş nesillerine çuňňur bilim bermek, olaryň arassa ahlakly, ýokary başarnykly, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda yhlasly, döredijilikli zähmet çekmek biziň — bilim işgärleriniň borjudyr. 

Tuwakgül NYÝAZOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.