Ýagty geljege ak ýol

17 Mart 2021
1003

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda dürli pudaklarda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň parahat, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu gün halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren bagtyna guwanyp, erkana ýaşaýar. Elbetde, abadançylygyň, parahatçylygyň höküm sürýän ýerinde çagalaryň şadyýan gülki sesleri ýaňlanýar. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ajaýyp ýurdumyzda ýaşlaryň ähli amatlylyklary bolan, kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan çagalar baglarynda, mekdeplerde bilim-terbiýe almaklary olaryň bagtyýar geljegini üpjün edýär.

Biziň çagalar bagymyzda hem terbiýeçiler özleriniň göreldeli zähmeti bilen ukyply, giň dünýägaraýyşly, başarjaň ýaşlary terbiýelemek babatda netijeli işleri amala aşyrýarlar. Körpeleriň ata-eneleri bilen yzygiderli geçirilýän duşuşyklar, wagyz-nesihat çäreleri bolsa bu ýerde ýola goýlan işleriň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär.

Maral ATAJANOWA,
Dänew etrabyndaky 13-nji «Nowruz» çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.