Ylymly ýaşlar — watan daýanjy

16 Mart 2021
1090

Ýurdumyzda watansöýüji, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ahlak ýörelgelerine wepaly ýaş nesilleri kemala getirmek baş wezipeleriň biridir. HormatlyPrezidentimiziň taýsyz tagallalary, döredijilikli syýasaty bilen bu ugurda asyrlara barabar işler amala aşyrylyp, ýurdumyzyň bilim, ylym pudagy dünýäniň bilim giňişliginde özüniň mynasyp ornuny tapdy. Ýurdumyzda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýaşlaryň okamagy, terbiýe almagy, beden, ruhy taýdan ösmegi bilen bir hatarda, kesp-kär edinmegi, maşgala gurmaklary, ylymlar dünýäsine aralaşmaklary, telekeçilik bilen meşgullanmaklary, iş bilen üpjünçiligi bellenilýär. Döwlet derejesinde şeýle uly üns berlip, olaryň her biriniň alada bilen gurşalmagy ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyza, Berkarar döwletimize, abadan, asuda ýurdumyza bolan buýsanç, guwanç duýgularyny goşalandyrýar. Olaryň hormatly Prezidentimiziň, mähriban Watanymyzyň, agzybir ilimiziň öňündäki perzentlik borçlaryna wepalylyk duýgularyny artdyrýar.

Döwletimizde ýaşlaryň jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapmagy olaryň ylymly-bilimli bolmaklary bilen baglanyşdyrylýar. Hut şonuň üçin-de ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bilim alyp, ussat hünärmenler, il-güne gerekli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär.

Serdar BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.