Körpeler bilen utgaşdyrylan sapaklary guramak

16 Mart 2021
1728

Mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnaýan çagalaryň beden, akyl, ahlak, ruhy taýdan sagdyn we kämil bolmagy üçin terbiýeçi işini gün tertibi esasynda guramaçylykly alyp barmalydyr. Bu ýerde çaganyň ene-atadan soňky hossary terbiýeçi bolup durýar. Ol ilki bilen çagany özüne öwrenişdirmelidir. Munuň üçin onuň ugurtapyjylygy, çaganyň ünsüni gyzykly zatlara sowup bilmegi gerek.

Irki ýaşdaky çagalara berilýän terbiýäniň esasylarynyň biri hem beden terbiýesidir. Ilki bilen çaganyň saglygy barada alada etmeli. Beden terbiýesini dogry ýola goýmak üçin çaganyň gün tertibini ylmy taýdan kadaly guramaly we alyp barmaly. Körpäniň iýmiti bilen baglanyşykly ýagdaýlar bolsa, onuň ýaş aýratynlygyna gabat gelmelidir. Olar çagalar bagynda hem ukusyny wagtly-wagtynda almalydyr. Ol gowy ukusyny alsa, açyk howada gezelenç etse nahary hem işdämen iýýär. Körpäniň çagalar bagyndaky gün tertibi bilen maşgaladaky gün tertibi berk baglanyşyklydyr. Çaganyň ata-enesinden onuň öýdäki ýagdaýlary bilen terbiýeçi gyzyklanyp durmaly. Irki ýaşdaky çaganyň beden terbiýesiniň dogry guralmagy olaryň akyl taýdan kämil ýetişmegine ýardam edýär.

Amanbibi SALAROWA,
Hazar şäherindäki 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.