"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Sanly bilimiň batly gadamlary

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işleri döwrebap derejede guralýar, oňa innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şeýle hem ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutup, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Bu ugurda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýän bu konsepsiýa Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Bilim hakynda», «Elektron resminama hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanyldy.

Wysal bolan arzuw

...Gözel paýtagtymyzyň owadan, giň köçeleriniň birinden şaglap barýan ulag Türkmenistanyň Serhet institutynyň deňine ýetip saklandy. Serhet institutynyň bir tarapyny göm-gök öwüsýän arçalar bezeýän bolsa, beýleki tarapynda gözýetime uzalyp gidýän belentli-pesli baýyrlyklar ýaýylyp ýatyrlar. Guşlaryň şadyýan jürk-jürk sesleri hem eşretli durmuşdan habar berýär. Çünki olaryň iki ýana pel-pelläp uçmagy — asudalygyň buşlukçysy. Owadan tebigatyň gujagynda ak mermere beslenip oturan Serhet institutynyň ajaýyp binagärlik keşbi bilen tebigatyň sazlaşygyny söz bilen beýan eder ýaly däl... Tebigatyň ajaýyp gözelligini synlap, guşlaryň jürküldisine diň salyp barşyma, men institutyň nyzam meýdançasynda halypa mugallym Aşyrdurdy Kakajykow bilen gabatlaşdym. Az wagtlyk söhbedimiziň dowamynda men halypa mugallyma polkownik Orazgeldi Taganow hakynda makala ýazmakçydygymy aýtdym. Şonda ol:

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Mukaddes borç Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz gün-günden ösýär, Diýarymyzyň şan-şöhrady bütin äleme ýaň salýar.

Kitaby çalt okamagyň syrlary

Bilimleriň çeşmesi bolan kitaba aýawly çemeleşmek, ony çalt hem düşünip okamak ýagşy endikleriň biridir. Adamyň beýnisi bilen gözüniň arasyndaky arabaglanyşygyň we hyzmatdaşlygynyň ýokary bolmagy çalt okaýanlaryň okan zadyna düşünýändigi hem tassyklaýar. Göz hereket etmän, okalýan kitaba seredip duran pursatynda okaýar. Şonda göz görýän maglumatlaryny tizlik bilen surata düşürýär we beýnä iberýär. Bu sanlyja wagtda bolup geçýär. Gözüň görüş tizliginiň beýniniň işleýşinden birnäçe esse yza galýandygy sebäpli beýnä iberilýän maglumatlar köplenç beýnini doly meşgul etmeýär. Kähalat okaýan pursatymyz ünsümiziň sowlup, başga zatlaryň pikirine gitmegimiz hem şu sebäplidir. Çalt okamak bolsa, adamyň ünsüni bir ýere jemleýär. Şonuň üçin okan sözlerimizi täzeden okaman, tiz wagtda onuň manysyna düşünip bilýäris. Käbir okyjylar okaýan zatlaryna düşünmek üçin sesli okamagy peýdalydyr öýdýärler. Şeýle ýagdaýda göz öňe gidýärkä, ses gözleriň yzyndan ylgap barýan ýaly bolýar. Many hem çylşyrymlaşýar. Bu endik başlangyç synplardaky sesli okamakdan galyp bilýär. Kitaby sesli okamak okan zadyňa düşünmegi kynlaşdyrýar. Peýdasyz endikleriň ýene biri-de — okalýan setirleri barmak ýa-da galam bilen yzarlamakdyr. Bu ýagdaý gözüň hereketini çäklendirýär. Çalt okamakda iň peýdaly usul gözüň ýetýän ýerinden doly peýdalanyp, sözleri bölek-bölek okamakdyr. Şeýle edilende, gözüň şol bir wagtyň özünde gör

Bilim bermegiň döwrebap usullary

Ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky alada Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan çuňňur ylmy esasda işlenip düzülen we tassyklanan Milli maksatnamalaryň çäginde giň gerimli geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler halkymyzyň bagtyýarlyk döwrüne bolan buýsanjyny artdyrdy, ynamyny, agzybirligini has-da pugtalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ony has-da kämilleşdirmek boýunça amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň çäginde bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda gysga wagtyň içinde düýpli işleriň geçirilmegi bilim ulgamynyň işgärlerini has-da buýsandyrýar.

Türkmen paýhasynyň beýany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geljegimiz bolan ýaşlary milli ruhda, ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini dowam edýän watanperwer ynsanlar edip terbiýeläp ýetişdirmek terbiýeçilik işleriniň esasy ugry bolup durýar. Nesil terbiýesi jemgyýetiň, döwletiň, mekdebiň, maşgalanyň üns-aladasynda durýan esasy işleriň biridir. Terbiýeçilik işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň eserleri örän ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda paýhasly jümleler çuňňur many-mazmun bilen beýan edilýär. Türkmen halkynyň ajaýyp däp-dessurlaryny, myhmansöýerligini, her bir işe parasatlylyk bilen çemeleşýändigini doly açyp görkezýän bu eser halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň has gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyny beýan edýär.

Utgaşdyrylan sapaklaryň ähmiýeti

Mekdebiň başlangyç synp okuwçylary üçin ene dili sapagynyň ähmiýeti örän uly. Şonuň üçinem bu sapak boýunça geçýän temalarymyň okuwçylara düşnükli, täsirli bolmagy ugrunda gerekli esbaplaryň we mysallaryň üstünde aýratyn işleýärin. Okadýan başlangyç synpymda çagalar edebiýatynyň görnükli wekili «Gurban Çöliýewiň ömri, döredijiligi we onuň tebigat, çagalar dünýäsi bilen baglanyşykly döreden eserleri» atly temany geçenimde, dürli usullardan peýdalandym. Şahyryň döredijiliginde Watan gözelligi, tebigat täsinlikleri, güneşli Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky goşgulary uly orny eýeleýär. Şahyryň eserleriniň liriki gahrymanynyň ilkinji gezek açylan güli görende, gök gürläp, ýagyş ýaganda, gyşyň ak gary sepelände, dürli jandarlara, mör-möjeklere nazary düşende çaga kalbynyň begenişini, tolgunyşyny hiç zat bilen deňär ýaly däl. Bu ajaýyp pursatlara diňe çaganyň gözi bilen seredip, çaga gözi bilen beýan etmek mümkin. Onuň her bir goşgynyň gyzykly bolmagyna täsiri bar. Ine, bahar gelende alaňlarda dürterip çykan göm-gök ýylaklara, depe-düzleri ýapan gök otlara nazary düşen şahyryň liriki gahrymany şeýle seslenýär: Bilýärmiň näme,Bu göm-gök nagyş.Ýerden ot bolup,Çykdy ak ýagyş...

Milli terbiýäniň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny taryhyň örän çuňluklaryndan alyp gaýdýan milli medeniýetimiz has-da ösdürilýär. Milli medeniýetimiziň süňňüni emele getirýän, müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda taplanyp gelen ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti örän uludyr. Dana pederlerimiz nesil terbiýesine aýratyn üns beripdirler. Bu babatda halkymyz ençeme rowaýatlary, nakyllary, mizemez gymmatlyklary döredipdirler. Halk döredijilik eserleriniň haýsy birine ýüzleneniňde-de, umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun alan eposdyr, dessanlarymyzda-da adamzada bagyş edilen ynsanperwerlik, agzybirlik, watansöýüjilik, myhmanparazlyk, ynsan mertebesini ýokarda goýmak, ene-ata hormat goýmak ýaly milli ýörelgelerimiziň eriş-argaç bolup geçýändigini görmek bolýar. Şeýle gymmatlyklarymyzyň ählisi-de ýaş nesillerde watansöýüjiligi kalbyna, aňyna guýmak, zähmetsöýer, ylymly-bilimli edip ýetişdirmek ýaly ýörelgelerden ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny we beýik geljegini özünde jemleýär. Şoňa görä-de, jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratynda, Ýaşlar guramasynyň tagallalary ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge gönükdirilmelid

Kämilligiň berk binýady

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir güni hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýä dolduryp, asyrlara ýaň salýan beýik işlere, il-gün, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmakda, ykdysady kuwwatyny has-da ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda örän uly döwrebap özgertmeler amala aşyryldy. Bitirilen ägirt uly işler, gazanylan ösüşler halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir möhüm ähmiýetli işler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alýar. Hormatly

Döwrümiziň buýsanjy hem daýanjy

Arkadag Prezidentimiz ýaşlara uly ynam bildirýär we «Geljegimize ynamlylygymyz watançy, akylly-başly oýlanyp bilýän ýaşlarymyza baglydyr» diýip nygtaýar. Olaryň döredijilik mümkinçilikleriniň açylyp, beden taýdan sagdyn ösmegi, ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döredip berýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 8-nji ýanwarynda milli Liderimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamagy ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary hakynda edýän aladasynyň bimöçberdigini görkezdi. Ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, sazlaşykly ösmegi hem-de döwrebap bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen bu maksatnama ýaşlaryň ata Watanymyzyň mynasyp raýatlary bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir.

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň ylym-bilimli, edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan ýurdumyzda zähmetsöýer, ruhubelent ýaşlarymyz ylymda, bilimde, sungatda we sportda tapawutlanyp, Diýarymyzyň at-abraýyny belende galdyrýarlar. Biz hem hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýýan wezipelerinden ugur alyp, edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenleriň, şeýle-de mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen yzygiderli wagyz-nesihat çärelerini geçirip durýarys. Ýaşlary sporta höweslendirmek maksady bilen, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary gurap, ýeňijilere Hormat hatlaryny hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşurýarys. Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaşlar özleriniň ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarlar.

Watana wepaly, zähmetsöýer nesiller

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çuň bilimli, tutanýerli we giň dünýägaraýyşly nesilleriň terbiýelenip ýetişdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gursagy hyjuwly, kalby höwesli ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaga bolan islegleri bu günki günde hasyl bolýar. Berkarar döwletimizde ýaş nesillerimiziň eşretli, abadan durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, watansöýüji, il-güne peýdaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Eziz Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesliň dynç almagy, saglyklaryny berkitmegi, sport bilen meşgullanmagy üçin hem ähli mümkinçilikler bar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde aň-bilim taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrjak bagtyýar nesil üçin iň häzirki zaman enjamlary, multimediýa we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport toplumlarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň subutnamalarydyr.  Mähriban çagalar! Eziz Arkadagymyz: «Siz, gadyrly çagalar, ajaýyp mekdepleriň gapysyndan Watana, il-güne wepaly, zähmetsöýer, ahlakly nesiller bolup çykmalysyňyz» diýip, ýaş nesillere uly ynam bildirýär. Ata Watanymyz arzuwlaryň amala aşýan ýurdudyr. Siziň sowatly, ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegiňiz ugrunda eziz Arkada

Geljege ynamly ýaşlar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hatarynda ösüp barýan ýaş nesilleri ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek babatyndaky işler hem mynasyp orny eýeleýär. Ýaşlaryň höwes edýän ugurlaryna laýyklykda, hünär saýlap almaklary, şol ugurlar boýunça ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin hem döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Biziň ähli şert-mümkinçilikler döredilen döwrebap orta mekdeplerde okap ýören häzirki günlerimizden geljekki hünärlerimizi saýlap almaklygymyz üçin döredilýän oňaýly şertlerden ýerlikli peýdalanmagymyz, bu babatda mugallymlarymyz bilen maslahatlaşyp durmagymyz zerurdyr. Sebäbi mekdep durmuşyndan durmuş mekdebine gadam basanymyzda, özümize, öz geljegimize doly derejede ynamymyz bolmalydyr. Bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlarynda şeýle ynamyň bardygyny hem buýsanç bilen aýdyp bileris.

Diller dünýä nur çaýýar

Türkmenistan parahatçylyksöýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýär. Halkara guramalary we dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilen demokratik ýol bilen öňe barýan ýurdumyzyň merdana halky agzybirlik we ynanyşmak arkaly ösüşiň täze belentliklerine sary aýgytly gadam urýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Bu bilim ulgamynda hem şeýledir. Soňky ýyllarda durmuşa geçirilen özgertmeler ösüp gelýän ýaş nesle döwrüň talabyna laýyk gelýän bilim we terbiýe bermäge giň ýol açdy. Daşary ýurt dillerini öwretmegiň kämilleşdirilmegi bolsa ýaşlara orta mekdebi tamamlandan soň beýleki ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim almaga, dünýäniň gazananlaryndan peýdalanmaga, halkara ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşmaga mümkinçilik döretdi. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bilen dil öwretmeklik has ýokary derejelere çykaryldy. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullary ulanylyp, daşary ýurtlaryň innowasion tejribesine laýyklykda okadylýar. Bu özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Ene dilinden daşary hem birnäçe dil bilýän ýaşlaryň sany barha artýar.

Sanly bilim portaly bilim ulgamyndaky rowaçlykdan nyşan

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Hut şu nukdaýnazardan, milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerine sanly bilim portaly ornaşdyrylýar. Bu konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilen bu konsepsiýanyň birinji tapgyrynyň häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemelidiris.

Beýik işleriň ak ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasaty çuňňur many-mazmuna eýe bolýar. Onuň hukuk binýadynyň barha pugtalandyrylmagy ýaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we zähmet şertlerini kepillendirip, zehinlerini açyp görkezmäge, yhlasly zähmet çekmäge, bilim, hünär almaga bolan isleglerini doly höweslendirýär. Muny hormatly Prezidentimiziň üstümizdäki ýylyň başynda gol çeken «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karary hem doly tassyklaýar. Häzirki wagtda bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, welaýat, etrap we şäher Ýaşlar guramalary degişli işleri alyp barýarlar. Türkmen ýaşlarynyň nurana geljegine gönükdirilen köptaraply tutumlaryň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmeginiň binýadyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolan işleriň çäklerinde ýaşlary ylma, döredijilige höweslendirmek, ýaş maşgalalary durmuş taýdan goldamak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ýaly möhüm wezipeler bar. Her ýylda mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy, ylmy-taslama, döredijilik bäsleşikleri bu babatdaky anyk maksatly işlerdir.

Bagtyýar nesil ýetişýär

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda ýaşlara bilim-terbiýe bermek, olary giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek bilim ulgamynyň baş maksadydyr. Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegine aýratyn uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabynda hem bu babatda giňişleýin beýan edýär. Munuň özi halkymyzyň ylym-bilime nähili garaýandygyny görkezýän aýdyň hakykatdyr. Ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini terbiýeläp kemala getirmekde, biz — çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileriniň paýyna-da uly jogapkärçilik düşýär.

Nesil terbiýesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmäge, ýaş nesliň bilim almaga bolan höwesini artdyrmaga ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzdaky çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti-de örän uludyr. Körpelerde kitap okamaga höwesiň döredilmegi we ösdürilmegi olaryň kämil dünýägaraýyşly bolmagyna itergi berýär. Çaga dünýäsine we onuň aň-düşünjesine täsir edýän halk döredijilik eserleriniň bir görnüşi bolan ertekiler çagalarda gowy häsiýetleri oýarmaga ýardam berýär. Körpeler ertekileriň üsti bilen pikirlenmegi, çeper sözlemegi öwrenýärler. Ertekiler çagalaryň pikirlenişini ösdürmekde hem iň ygtybarly serişdedir.

Ukyp-başarnygyň netijesi

Mary şäheriniň 51-nji çagalar bagynda geçirilen “Ýylyň terbiýeçisi — 2021” atly bäsleşigiň welaýat tapgyryna terbiýeçileriň 13-si gatnaşdy. Olar öz iş tejribelerini açyp görkezmek bilen okuw-terbiýeçilik we synp sagatlaryny guradylar. Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Türkmengala etrabyndaky 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Akgözel Durdyýewa ýeňiji boldy we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Tejribeli terbiýeçileriň üstünligi

Daşoguz şäheriniň “Bagtyýar zaman” obasyndaky 9-njy çagalar bagynda “Ýylyň terbiýeçisi — 2021” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry boldy. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiş gazanan terbiýeçiler gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertine laýyklykda, terbiýeçiler okuw-terbiýeçilik we synp sagatlaryny geçip görkezdiler. Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 9-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Ogulgül Begmyradowa ýeňiji bolup, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.