Bagtyýar nesil ýetişýär

29 Mart 2021
1026

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda ýaşlara bilim-terbiýe bermek, olary giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek bilim ulgamynyň baş maksadydyr. Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegine aýratyn uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabynda hem bu babatda giňişleýin beýan edýär. Munuň özi halkymyzyň ylym-bilime nähili garaýandygyny görkezýän aýdyň hakykatdyr.

Ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini terbiýeläp kemala getirmekde, biz — çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileriniň paýyna-da uly jogapkärçilik düşýär.