Beýik işleriň ak ýolunda

29 Mart 2021
1109

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasaty çuňňur many-mazmuna eýe bolýar. Onuň hukuk binýadynyň barha pugtalandyrylmagy ýaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we zähmet şertlerini kepillendirip, zehinlerini açyp görkezmäge, yhlasly zähmet çekmäge, bilim, hünär almaga bolan isleglerini doly höweslendirýär. Muny hormatly Prezidentimiziň üstümizdäki ýylyň başynda gol çeken «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karary hem doly tassyklaýar.

Häzirki wagtda bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, welaýat, etrap we şäher Ýaşlar guramalary degişli işleri alyp barýarlar. Türkmen ýaşlarynyň nurana geljegine gönükdirilen köptaraply tutumlaryň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmeginiň binýadyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolan işleriň çäklerinde ýaşlary ylma, döredijilige höweslendirmek, ýaş maşgalalary durmuş taýdan goldamak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ýaly möhüm wezipeler bar. Her ýylda mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy, ylmy-taslama, döredijilik bäsleşikleri bu babatdaky anyk maksatly işlerdir.

Humaý ATAÝEWA,
TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.